Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ HGI-de halkara okuw-usuly maslahat geçiriler ✦ ✦ Türkmenistanda halkara olimpiadalar we okuw-usuly maslahatlar geçiriler ✦ ✦ Balkanly dokmaçylaryň zähmet üstünligi ✦ ✦ Türkmenistanyň halkara maýa goýum forumy Malaýziýada geçiriler ✦ ✦ Mekdep okuwçylarynyň arasynda daşary ýurt dilleri boýunça olimpiada geçiriler ✦ ✦ Mekdep okuwçylarynyň arasynda zehin soraglary boýunça olimpiada guraýar ✦ ✦ Ekiş möwsümine görülýän taýýarlyk ✦ ✦ Wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi ✦ ✦ “Ýylyň zenany” bäsleşiginiň etrap tapgyry geçirildi ✦ ✦ Türkmen-amerikan bilim hyzmatdaşlygy ösdürilýär ✦
Baş sahypa / Saglyk /Hemme zadyň sakasy — saglyk
  06.12.2024
136
Hemme zadyň sakasy — saglyk

Adam we onuň saglygy döwletimiziň gymmatly baýlygydyr. Halkymyzda: «Hemme zadyň sakasy — saglyk», «Saglyk bolsa beglik bolar» diýen parasatly pähimler bar. Şoňa görä-de, hormatly Prezidentimiz sagdyn durmuş ýörelgesini öňe sürüp, halkymyzyň beden hem ruhy taýdan sagdyn bolmagy hakynda uly alada edýär.

 

Halkymyz sagdyn bedenli, päk ahlakly nesilleri terbiýeläp, ýetişdirmäge uly ähmiýet  berýär. «Görk — agyzdan» diýlişi ýaly, kadaly iýmitlenmegiň sagdyn ýaşamaga uly ähmiýeti bar. Arkadagly Gahryman Serdarymyz ak bazarlarymyzy ýylyň hemme paslynda ýokumlara baý önümlerden doly bolmagy üçin eden aladalaryny lezzetini görýäris. Milli Liderimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly  köp jiltli  kitabyny okap, saglygymyz barada köp zatlary bilýäris. Ýurdumyzda «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde, saglygy goraýyş we derman senagaty edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli pugtalandyrylýar hem-de sanly ulgam, döwrebap tehnologiýalar yzygiderli ornaşdyrylýar.

 

Täze taryhy döwrümiziň her bir ýylynda uly ösüşler gazanylýar. Şahyr aýtmyşlaýyn: «Her ýylymyz  bir  şygar, /  Öňe  barýar gül Diýar». Örän  jaýdar aýdylýan jümle. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyny uly üstünliklere besläp, il-günümiz abadan, asuda, saglyk bilen täze ― 2025-nji ýyla ynamly gadam urýar. Milli Liderimiziň hem-de döwlet Baştutanymyzyň ýadawsyz aladalary netijesinde Garaşsyz Bitarap Türkmenistan döwletimiziň ösüşli ýoly rowaçlanyp, halkymyz bagtyýar zamanada ýaşaýar.

 

Ata-babalarymyzyň nesil terbiýesi bilen bagly asylly ýörelgelerine eýerip, röwşen geljegi nazarlaýan bu iňňän derwaýys mesele dogrusynda hormatly Prezidentimiz hem ýadawsyz alada edýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň dürli künjeklerinde sport mekdepleri, sport toplumlary açylyp ulanmaga berilýär. Diýarymyzda bellenilýän şanly senelerde sportuň, bedenterbiýäniň dürli görnüşleri baýramçylyk meýdanlaryny bezeýär. Sportuň dürli görnüşlerinden mekdeplerde, edara-kärhanalarda bäsleşikler geçirilýär. Şeýle türgenleşikleriň ýola goýulmagy ýaş nesliň sagdyn, berk bedenli, ruhubelent, gujur-gaýratly bolmaklaryna ýardam edýär.

 

Leýla ANNABERDIÝEWA,
Türkmenabadyň lukmançylyk orta okuw mekdebiniň mugallymy.