Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ YHG-niň birinji ministrler forumy geçiriler ✦ ✦ III Halkara açyk informatika internet olimpiadasy üstünlikli geçirildi ✦ ✦ Türkmenistan bilen ÝUNFPA ýaşlar syýasatyny maslahatlaşdy ✦ ✦ Mekdep kitaphanalarynyň işi kämilleşdirilýär ✦ ✦ “Ekologiýa medeniýeti we daşky gurşawy goramak” atly medeni çäre ✦ ✦ Türkmenistan - BMG-da ýaşlar duşuşygyny guraýar ✦ ✦ Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda iňlis dilinde geçiriljek suhangöýlük bäsleşigi ✦ ✦ Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli Bişkekde medeni çäre guraldy ✦ ✦ Üzärlik – tebigatyň keramatly oty ✦ ✦ Immunizasiýa hepdeligi — ilatyň saglygyny goramagyň ygtybarly ýoly ✦
Baş sahypa / Syýasat /HEMIŞELIK BITARAPLYK – PARAHATÇYLYGYŇ NYŞANY
  12.12.2022
682
HEMIŞELIK BITARAPLYK – PARAHATÇYLYGYŇ NYŞANY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine eýerýän Türkmenistan Watanymyz abraýly halkara gurama bolan BMG-niň ählumumy parahatçylygy üpjün etmek babatda alyp barýan meselelerine işjeň gatnaşyp, bu ugurda öz üstüne alan borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirip gelýär. 1992-nji ýy­lyň 2-nji mar­tyn­da Türkmenistan Watanymyz Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň do­ly hu­kuk­ly ag­za­lygyna saýlanmak bilen, şondan bäri hem onuň dü­züm­le­ri bi­len köpugurly gat­na­şyk­la­ry alyp bar­ýar. Bu bolsa ýurdumyzyň tutuş dünýä ýüzünde, sebitde dur­nuk­ly ösü­şi ga­zan­mak, howp­suz­ly­gy üp­jün et­mek, pa­ra­hat­çy­ly­gy pug­ta­lan­dyr­mak­da­ky ta­gal­la­la­ry­nyň ýer ýüzünde uly goldawa eýe bolýan­dy­gy­na aýdyň şaýatlyk ed­ýär. Geçmiş taryhymyzda hem merdana hal­ky­my­zyň bäş müň­ýyl­lyk ta­ry­hy hemişelik Bi­ta­rap­ly­gy­my­zyň kök­le­ri­niň öz göz­ba­şy­ny asyr­la­ryň jüm­mü­şin­den, paýhasly pederlerimiziň şöhratly geç­mi­şi­ne we bagtyýar gel­je­gi­ne bo­lan yna­myn­dan alyp gaýd­ýan­dy­gy­ny äşgär edýär. Şöhratly ata-ba­ba­la­ry­myz hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk däp­le­ri­ni, parahatçylykly gatnaşyklary ile­ri goýup, goňşy ýurt­lar bi­len dost­ana gat­na­şyk­la­ry yzygider ös­dü­rip­dir.

«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda hem döwletimiz Bi­ta­rap­lyk tag­ly­ma­ty­ndan gelip çykýan wezipeleri dur­mu­şa ge­çir­mek ar­ka­ly, dün­ýäniň ençeme ýurt­la­ry bi­len dürli ugurlarda ne­ti­je­li hem dostana hyz­mat­daş­lyklary alyp barýar. Arkadagly Serdarymyzyň başda durmagynda ýurdumyzda hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy­ny ös­dür­meklige esaslanýan döwlet syýasaty alnyp barylýar. Türk­men Bi­ta­rap­ly­gy hä­zir­ki za­ma­nyň äh­lu­mu­my howp­suz­ly­gy­ny üp­jün et­mek, dünýä ýurt­la­rynyň deň­hu­kuk­ly hem-de netijeli hyz­mat­daş­ly­gy­ny ösdür­mek, dur­nuk­ly ösü­şiň mak­sat­la­ry­na ýet­mek ug­run­da­ky ta­gal­la­la­ry bir­leş­di­ri­ji gu­ra­la öw­rül­di. Bi­ta­rap­lyk – ynsanperwer­li­giň, aba­dan­çy­ly­gyň, asu­da ýa­şaý­şyň, parahatçylygyň we nurana gel­je­giň ygtybarly ke­pi­li­dir. He­mi­şe­lik Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan döw­le­ti­mi­ziň hal­ka­ra ab­ra­ýy­ny dünýä derejesinde has-da be­len­de gal­dyr­mak, mähriban hal­ky­my­zyň abadan, asu­da we parahat dur­muş­da ýa­şa­ma­gy ug­run­da beýik işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň ja­nlary sag, ömürle­ri uzak, umumadamzat ähmiýetli durmuşa geçirýän belent başlangyçlary üstünliklere beslensin!  

 

Muhammetguly MERETGULYÝEW,

Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň 
Daşoguz welaýat müdirliginiň 
Şabat etrap bölüminiň
döwlet bellige alyjysy.