Kalplara hem hakydalara ýatdan çykmajak taryhy gün hökmünde ebedi ýazylan 1995-nji ýylyň 12-nji dekabry mähriban halkymyz üçin möhüm senedir. Bitarap ýurdumyzyň agzybir halky bu güni uly baýramçylyga, şanly wakalara besleýär. Şol gün Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesini ykrar edýän, öz ygtyýarlylygyny hem-de çäk bitewiligini sarpalaýandygyny subut edýän «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Rezolýusiýasynyň kabul edilmegi döwletimiziň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatynyň, halkara derejesinde alyp barýan işleriniň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilmeginiň subutnamasyna öwrüldi. Ýurdumyzyň daşary syýasatda gazanan üstünlikleri, ýeten derejeleri, Bitaraplygymyzyň eçilen miweleri hakynda gürrüň etmek kalbyňy joşdurýar. Türkmenistan döwletimiz Bitaraplyk hukuk derejesinden gelip çykýan wezipelerine doly eýerýär.
Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hemişelik Bitaraplygymyza bahasyz gymmatlyk, belent dereje hökmünde garalýar. Bitaraplyk – bagtyýar nesilleriň bagtly geljeginiň ygtybarly kepilidir. Ýurdumyz Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda halkara bähbitli işleri giň gerimde ynamly amala aşyrýar. Paýtagtymyz Aşgabatda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň açylmagy bolsa dünýä döwletleriniň durnukly ösüşini, ählumumy howpsuzlygy üpjün etmek baradaky başlangyçlara daýanýar. Döwletimiz dünýäniň ençeme abraýly halkara guramalary bilen oňyn gatnaşyklary saklaýar. Dostlukly döwletler, halkara guramalary bilen dürli ugurlardaky gatnaşyklaryň ösdürilmegi, kämilleşdirilmegi halklary ruhy taýdan ýakynlaşdyrýar, ýurt kuwwatlylygyny berkidýär. Hemişelik Bitaraplyk halkymyzyň asylly maksatlara eýerýän ösüşlerini rowaçlandyrmakda, pederlerimizden gelýän ýol-ýörelgelerimizi dünýä ýaýmakda esasy daýanç sütüni bolup hyzmat edýär. Bitaraplyk syýasy, ykdysady, taryhy medeni meseleleri birleşdirýän döredijilikli iş hökmünde bütin dünýäde dost-doganlygyň, parahatçylygyň, birek-birege mähribanlygyň dabaralanmagyna oňyn täsirini ýetirýär. Türkmen ruhunda, medeniýetinde, sungatynda parahatçylygyň, dost-doganlygyň şirin owazy belentden ýaňlanýar.
Parahatçylygyň, dostanalygyň höküm sürýän ýerinde bolsa toýlar-toýa ulaşýar. Toýlara beslenýän Bitarap Diýarymyzda halkara ähmiýetli döredijilik festiwallary, iri halkara forumlary, halkara sergileri geçirilip, türkmeniň at-abraýy äleme ýaýylýar. Parahatçylygy dörediji başlangyçlar islendik ýurdy we bütin adamzady ýagty geljege alyp barýan köprüleriň ygtybarly sütünleridir. Eziz Watanymyz Türkmenistan hem özüniň ynsanperwer daşary syýasatynda şu ýörelgelerden ugur alýar. Bu başlangyçlar bolsa durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen ählumumy howpsuzlygyň täze binýadyny kemala getirmegiň gözbaşydyr. Bitaraplygyň türkmen nusgasyny äleme ýaýmakda, dünýä ýurtlary bilen dostana gatnaşyklary barha berkitmekde beýik işleri amala aşyrýan Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun! Hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 27 ýyllyk baýramy gutly bolsun!
Berdimyrat KAKAÝEW,
TMÝG-nyň Daşoguz welaýatynyň
Akdepe etrap Geňeşiniň başlygy.