logo

Latest news:
✦ Türkmen topary «Circus Sea Breeze» sirk toplumynda çykyş etdi ✦ ✦ Ugandanyň Daşary işler boýunça döwlet ministri bilen duşuşyk geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň pawilýonynyň taslamasyny düzmek we gurmak barada halkara bäsleşik yglan edildi ✦ ✦ Türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy ösdürilýär ✦ ✦ “Tashkent Water Week 2026” atly halkara forum geçiriler ✦ ✦ «EKSPO–2027» Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine taýýarlyk görülýär ✦ ✦ «Ak şäherim Aşgabat 2026 (WCA 2026)» atly halkara sergisine taýýarlyk görülýär ✦ ✦ Sanly tehnologiýalar bilim ulgamyny ösdürýär ✦ ✦ TOHU-da «Suhangöýlük, dilewarlyk we söz sungaty» barada açyk sapak geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyñ Prezidenti “Iş kesilenleriň mukaddes Gadyr gijesi mynasybetli günäsini geçmek hakynda” Permana gol çekdi ✦
Home / Interesting /HEM AKYL, HEM BILIM ÇEŞMESI
  17.01.2023
1470
HEM AKYL, HEM BILIM ÇEŞMESI

Ynsan kitaby näçe köp okasa, gözýetimi-de şonça giňeýär. Giň gözýetimli, giň düşünjeli adama bolsa, daşky dünýä akyl ýetirmek o diýen kyn hem düşmeýär we ol durmuşda ýüze çykýan dürli kynçylyklardan baş alyp çykýar. Islendik ýurtda kitap köp satylýan bolsa we köp okalýan bolsa, onda ol ýurtdaky adamlaryň biri-birine bolan garaýşy, özara gatnaşygy hem başgaça bolýar. Kitap okyjyny sessiz-üýnsüz, belent derejelere çykarýar we şol bir wagtyň özünde kitap aragatnaşyk serişdesidir. Kitap ähli asylly garaýyşlaryň, paýhasly pikirleriň giňişleýin keşbidir. Kitap okamak, öwrenmek adamyň özüni alyp barşyna-da täsir edýär. Kitap okamak endigi endikleriň ähmiýetlisidir. Ynsan gündelik durmuşda öz bedenini iýmek bilen kuwwatlandyrýar, ruhuny bolsa kitap okamak bilen iýmitlendirýär. Kitap okamaklyk üýtgeşik çykdajyny hem talap etmeýär. Netijede adam tölegsiz görnüşde dynç alşa gaýybana syýahata çykýar. Ýürege ýakyn kitaplary okamaklyk bolsa durmuşyň lezzetine lezzet goşýar. Kitaba ýüzlenmek durmuşy has gyzykly ýaşamaga, wagty has manyly geçirmäge ýardam edýär. Kitap okamak arkaly bize mälim bolmadyk täsin zatlaryň dünýäsi açylýar. Kitap okamak durmuşa düşünmegiň ynsanlara mahsus bolan ýeke-täk tilsimidir. Yzygiderli kitap okalmagy ünsi jemlemäge ýardam edýär. Ol okalýan maglumat bilen aňyň utgaşmasyny üpjün edýär. Ünsli bolmaklyk bolsa ugurtapyjylygyň görkezijisidir. Köplenç ýagdaýda, okuwdan ýa-da işden boş wagtlary kitap okamaklyk beýniniň işjeň bolmagyna şert döredip, ýatkeşligi ösdürýär. Kitaby okaýan pursadyňyz ondaky beýan edilýän wakalaryň hem hadysalaryň dowamy hakda gyzyklanmak, netijesini öňünden seljermek pikirleniş ukybyny ýokarlandyryp pikirleri tämizleýär. Kitap okamagyň islendik adama gazandyrýan artykmaçlyklaryna düşünýän adam kitaby özüniň iň ýakyn dosty saýýar. Kitaby söýýän okyjy töweregindäkiler bilen hem özara pikir alyşmaga diýseň höwesjeň bolýarlar we olaryň sözleýiş medeniýeti-de ösen bolýar. Bu bolsa aýratyn hem ýaş okyjylaryň öz içki pikirlerini anyk beýan etmek ukybyny has hem kämilleşdirýär. Umuman, her bir ynsan kitap okamaklygy endik edinmek üçin yhlas bilen ýapyşmaly, öz öňünde şoňa ugrukdyrýan maksatlary goýmaly. Şeýle adamlar bolsa kitabyň durmuşdaky ýol görkeziji gollanmadygyna we kitabyň gadyr-gymmatyna doly düşünýän parasatly, giň gözýetimli kämil adamlardyr.

 

Hemra DÖWLETOW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.