Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli dabaraly ýöriş geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Garaşsyzylygy — bagtyýar geljegimiziň buşlukçysy ✦ ✦ Syýahatçylyk pudagy - parahatçylygyň, dostlugyň, ösüşiň baýdagy ✦ ✦ Garaşsyzlyk – türkmen halkynyň sarsmaz sütüni ✦ ✦ Brend hökmany gerekmi? ✦ ✦ Garaşsyzlyk bahasyna ýetip bolmajak beýik düşünjedir ✦ ✦ Garaşsyzlyk daýanjymyz ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň ykdysady ösüşiniň esasy aýratynlyklaryny belledi ✦ ✦ Garaşsyzlyk — baky bagtyň gözbaşy ✦ ✦ Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦
Baş sahypa / Ylym we Bilim /«Häzirki zaman halkara gatnaşyklarynyň derwaýys meseleleri» atly makalalar ýygyndysy neşir edildi
  21.06.2024
159
«Häzirki zaman halkara gatnaşyklarynyň derwaýys meseleleri» atly makalalar ýygyndysy neşir edildi

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan öz Garaşsyzlygynyň ilkinji günlerinden başlap, ählumumy ykrar edilen halkara ýörelgelerden ugur alyp, dünýäniň ýurtlary bilen hoşniýetli, parahatçylyk söýüjilikli, dostlukly gatnaşyklary ýola goýup, iş ýüzünde «Açyk gapylar» syýasatyny alyp barýar. Şoňa görä-de, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan bu gün dünýäde özüniň globallaýyn we sebitleýin ähmiýetli başlangyçlary bilen giňden tanalýan döwletleriň birine öwrüldi. Soňky ýyllarda dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan Türkmenistanyň onlarça başlangyjy gyzgyn goldaw tapdy. Şunuň bilen baglylykda, bu günki gün bitaraplyk filosofiýasyna esaslanýan daşary syýasatymyzyň durmuşa geçirilmegine, onuň ýurtda we halkara derejesinde wagyz edilmegine türkmen diplomatiýasynyň ýeke-täk milli okuw merkezi bolup çykyş edýän Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty hem öz saldamly goşandyny goşýar. Ýakynda türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebi tarapyndan «Häzirki zaman halkara gatnaşyklarynyň derwaýys meseleleri» atly makalalar ýygyndysynyň neşir edilmegi bu babatda möhüm başlangyçdyr.

 

Ýygyndyda institutyň 2023-2024-nji okuw ýylyndaky magistr maksatnamasynyň «Sanly diplomatiýa», «Seljeriş we strategik meýilleşdiriş», «Gündogary öwreniş», «Halkara hususy hukugy», «Halkara jemagat hukugy», «Halkara ykdysadyýeti», «Syýasy kommunikasiýa we internet žurnalistikasy» ugurlarynyň magistrleriniň öz hünärine degişli alyp barýan magistrlik ylmy-barlag işiniň temasy bilen baglanyşykly ylmy makalalary ýerleşdirildi. Şeýle ylmy ýygyndynyň ilkinji gezek neşir edilendigini buýsançly bellemek gerek.

 

Täze ýygyndy magistr maksatnamasynyň ugurlary boýunça her biriniň ady bilen baglanyşykly baplardan ybarat görnüşde taýýarlanyldy. Ýygynda girizilen makalalarda häzirki zaman halkara gatnaşyklarynyň dürli meseleleri barada gürrüň açylyp, olaryň aglaba böleginde Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň halkara gatnaşyklary ulgamynda gazanan üstünliklerine degişli maglumatlar beýan edilýär.

 

«Häzirki zaman halkara gatnaşyklarynyň derwaýys meseleleri» atly makalalar ýygyndysy Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň «Ylym» neşirýatynda çap edildi. Ýygyndy degişli ylmy makalalaryň 60-dan gowragyny özünde jemleýär.

 

Häzirki zaman halkara gatnaşyklarynyň derwaýys meselelerine bagyşlanan bu ýygyndynyň diňe ylmy jemgyýetçilik däl-de, eýsem, şeýle meseleler bilen gyzyklanýan okyjylaryň giň köpçüliginiň ünsüni özüne çekjekdigine şübhe ýok.

 

Oguloraz EÝEBERDIÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň uly mugallymy.