Şypaly tebigaty we özboluşly biodürlüligi bolan Hazar deňzi Türkmenistana, Azerbaýjana, Eýrana, Gazagystana we Russiýa deň derejede degişli bolup durýar. Şonuň üçin Hazar deňzinde hyzmatdaşlyk ekologiýa, ykdysady we sosial taýdan örän möhümdir. Hazarýaka ýurtlary deňziň tebigatyny, biodürlüligini goramak we köpeltmek üçin yzygiderli işleri alyp barýarlar. Onuň üçin köp resminamalara gol çekildi, ylalaşyklar kabul edildi we hökümetara guramalar döredildi.
12-nji awgustda Hazaryň deňiz gurşawyny goramak boýunça Çarçuwaly konwensiýanyň (Tähran konwensiýasy) gol çekilen güni mynasybetli hazarýaka ýurtlaryň hemmesinde Hazar deňziniň gününi bellemeklik asylly däbe öwrüldi. Türkmenistan tarapyndan alnyp barylýan köp ugurly ekologiýa syýasaty Hazar deňziniň daşky gurşawyny goramak meselelerinde hazarýaka ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge, Tähran konwensiýasynyň borçnamalaryny ýerine ýetirmäge gönükdirilendir. Sebitiň ýurtlary Hazaryň ajaýyp tebigy gurşawyny we biologiki dürli-dürliligini gorap saklamak boýunça boýun alan borçnamalaryny ýerine ýetirmek boýunça ylalaşykly ädimlerini ätmegi dowam etdirýärler.
Biziň ýurdumyz ählumumy ekologiýa meselelerini çözmek babatda, şol sanda Hazaryň täsin ekoulgamyny, onuň tebigy görnüşlerini, örän baý bioköpdürlüligini gorap saklamak boýunça netijeli çäreleri üstünlikli durmuşa geçirýär.
Oguljan AKMYRADOWA,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň mugallymy.