Türkmenistanyň Belgiýadaky Ilçihanasynyň duşenbe güni habar bermegine görä Belgiýanyň Brýussel şäherinde Ýewropa Bileleşiginiň “Global Gateway” başlangyjynyň mümkinçilikleri we Hazarüsti halkara ulag geçelgesiniň mümkinçiliklerinden doly peýdalanmak boýunça “tegelek stol” maslahaty geçirildi.
Çärä Ýewropa Komissiýasynyň, ÝB-niň ulag meseleleri boýunça baş müdirliginiň, Ýewropanyň daşarky hereket gullugynyň we ÝB-niň beýleki guramalarynyň ýolbaşçylary, şeýle hem Türkiýäniň, Azerbaýjanyň, Rumyniýanyň, Gazagystanyň, Türkmenistanyň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, ulag we logistika kompaniýalary ulgamyndaky dürli barlag guramalarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.
Maslahata gatnaşyjylar ÝB-niň “Global Gateway” başlangyjyny we Hazarüsti halkara ulag geçelgesiniň Ýewropa bilen Aziýanyň arasyndaky ulag baglanyşyklarynyň durnukly ösmegi üçin ähmiýeti barada pikir alyşdylar.
Şeýle hem taraplar Ýewropa Komissiýasynyň we Ýewropa Parlamentiniň täze düzüminiň Hazarüsti halkara ulag geçelgesiniň has-da ösdürilmeginde we ösmeginde möhüm orny eýelejekdigi bellenildi.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçisi Sapar Palwanow Ýewropa bilen Aziýanyň arasyndaky gatnaşyklary berkitmek üçin Hazarüsti halkara ulag geçelgesiniň ösdürilmegine ýurduň pugta ygrarlydygyny nygtady.
Ilçi Sapar Palwanow ulag geçelgelerini ösdürmäge gönükdirilen halkara başlangyçlara we forumlara Türkmenistanyň işjeň gatnaşýandygyny, Brýusselde geçirilen maýadarlar forumynda ýurduň öz taslamalaryny hödürländigini we halkara maýadarlaryň hem-de logistika kompaniýalarynyň ünsüni özüne çekendigini belläp geçdi.
Ýeri gelende belläp geçsek, Hazarüsti halkara ulag geçelgesi Hytaýyň, Gazagystanyň, Hazar deňziniň suwlarynyň, Azerbaýjanyň we Gruziýanyň üsti bilen Ýewropa hem-de Aziýa ýurtlaryny özara baglanyşdyrýar. Bu ulag ugry demir we deňiz ýollarynyň üsti bilen konteýner ýükleriniň daşalmagynda peýdalanylýar.
Gülnar Öwezowa,
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby.