Hazar deňzi. Awaza. Tebigatyň täsin künjegi. Deňiz kenarynda oturdylan we barha pür-pudak ýaýradýan agaç nahallary bu künjegiň gözelligine görk goşýar, howany has-da arassalaýar. Hazaryň tebigaty ynsan saglygy üçinem örän ähmiýetldir.
Hazar deňzi köp görnüşli ösümlik we haýwanat dünýäsine eýe bolmak bilen, tebigatyň hakyky merjenidir. Olaryň köp görnüşi endemik bolup, sebitiň biologik genofonduny düzýär. Türkmenistan Hazarda ekologik taýdan ýaramaz täsirleriň öňüni almaga bagyşlanan çärelere işjeň gatnaşýar. Hazaryň kenarynda döwrebap şypahanalaryň, myhmanhanalaryň, dynç alyş toplumlarynyň gurulmagy, olaryň halkara ekologik howpsuzlyk görkezijilerine laýyk gelmegi taslamalara bildirilýän möhüm talaplaryň biridir.
Hazaryň kenarynda dünýä derejesindäki şypahana toplumy — «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy hereket edýär. Ol her ýyl müňlerçe myhmany garşylaýar. Bu dynç alyş künjegi sebitiň mineral-çig mal, biologiýa, şypahana-dynç alyş we syýahatçylyk mümkinçiligini peýdalanmaga toplumlaýyn hem-de oýlanyşykly çemeleşmegiň nusgasy bolup hyzmat edýär.
Hazaryň kenarynda gurulýan şypahanalaryň we myhmanhanalaryň, şeýle hem senagat kärhanalarynyň esasy alamatlarynyň biri olaryň ekologiýa howpsuzlygynyň halkara ölçeglere laýyk gelýändiginden ybaratdyr. Kenar ýakasynda alnyp barylýan giň gerimli bagy-bossanlyga büremek ugrundaky işler hem ekologiýa ugruny gurşap alýar. Şol ýerlerde bagy-bossanlyklar döredilýär, täze seýilgäh zolaklary, dynç alýanlaryň saglygyna oňyn täsir edýän has amatly howa gurşawy emele gelýär.
Çäk taýdan amatly ýerleşmegi, uglewodorod we beýleki tebigy serişdeleriň baý gorlary, oňaýly howa şertleri Hazar deňzi sebitiniň häzirki günde ösen senagat, ulag we şypahana merkezine öwrülmegine mümkinçilik berdi. Şunuň bilen baglylykda, köp möhüm ugurlarda, şol sanda Hazar deňziniň bioserişdelerini gorap saklamak, artdyrmak we peýdalanmak, söwda gämi gatnawlary, syýahatçylygy ösdürmek, şeýle hem Hazar deňziniň düýbüniň uglewodorod serişdelerini özleşdirmek hem-de peýdalanmak boýunça hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagy aýratyn ähmiýete eýedir.
Hazar deňzi — Watanymyzyň mineral çeşmeleriniň hem mekany. Ylaýta-da, deňiz suwunyň, howasynyň, ösümlikleriniň, mineral suwlaryň, bejeriş palçyklarydyr beýleki himiki birleşmeleriň adam saglygyna peýdasy uly. Hazar täsin we gaýtalanmajak ekoulgam bolup, dünýäde hem deňziň, hem kölüň alamatlaryny özünde jemleýär. Hazar deňzi her ýylda Garabogazköl aýlagyna 8 — 10 kilometr kub suw we takmynan, 150 müň tonna duz guýýar. Şol duzlary adamyň haýry üçin ulanmak maksady bilen, döwlet derejesinde birnäçe taslamalar amala aşyrylýar.
Hazar hazynaly deňizdir. Hazar deňziniň sebitinde ýaşaýan halklaryň, şeýle hem umumadamzat abadançylygynyň bähbidine bu ajaýyp, täsin suw howdanyny gorap saklamak, uglewodorod we mineral serişdelerini rejeli peýdalanmak Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýän döwlet ekologiýa syýasatynyň esasyny düzýär.
Arazmyrat BAÝRAMMÄMMEDOW,
Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheriniň 12-nji orta mekdebiniň 8-nji synp okuwçysy.