2003-nji ýylyň noýabrynda Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak boýunça Hazarýaka döwletleriň wekilleri tarapyndan Çarçuwaly Konwensiýa, ýagny Tähran konwensiýasyna gol çekildi. Tähran konwensiýasy 2006-njy ýylyň 12-nji awgustynda güýje girdi. Bu konwensiýanyň güýje giren gününden başlap, her ýylyň 12-nji awgusty Hazarýaka döwletlerinde Hazar deňziniň güni hökmünde bellenilip geçilýär. Kenarýaka ýurtlaryň her ýyl belleýän bu baýramy deňziň ekologik howpsuzlygy meselelerine, özboluşly ekoulgamyny goldamaga we gorap saklamaga gönükdirilendir.
Hazar deňziniň meýdany 371 müň inedördül kilometr bolup, onuň iň çuň ýeri 1025 metre, kenarýaka çyzygynyň uzynlygy bolsa 7000 kilometre deňdir. Hazar deňzi demirgazykdan günorta 1200 kilometr uzap gidip, onuň ortaça ini 320 kilometr hasaplanýar. Deňze 130-dan gowrak derýa öz suwuny guýýar. Onuň çäginde ownukly-irili adalaryň 50-ä golaýy bar.
Hazar deňziniň biodürlüligi we bu ýerde duş gelýän janly organizmler özboluşly bolup, olaryň köpüsiniň diňe şu çäkde duş gelýänligi aýratyn bellenmäge mynasyp.
Hazar deňziniň türkmen kenarynda döredilen «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy diňe bir dynç alyş mesgeni bolman, eýsem, ol daşky gurşawyň gözelligini goramakda, onuň baýlygyny artdyrmakda we amatly daşky gurşawa oňyn täsir etmekde hem uly ähmiýete eýedir.
Aýgül ATAÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň mugallymy.