Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ YHG-niň birinji ministrler forumy geçiriler ✦ ✦ III Halkara açyk informatika internet olimpiadasy üstünlikli geçirildi ✦ ✦ Türkmenistan bilen ÝUNFPA ýaşlar syýasatyny maslahatlaşdy ✦ ✦ Mekdep kitaphanalarynyň işi kämilleşdirilýär ✦ ✦ “Ekologiýa medeniýeti we daşky gurşawy goramak” atly medeni çäre ✦ ✦ Türkmenistan - BMG-da ýaşlar duşuşygyny guraýar ✦ ✦ Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda iňlis dilinde geçiriljek suhangöýlük bäsleşigi ✦ ✦ Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli Bişkekde medeni çäre guraldy ✦ ✦ Üzärlik – tebigatyň keramatly oty ✦ ✦ Immunizasiýa hepdeligi — ilatyň saglygyny goramagyň ygtybarly ýoly ✦
Baş sahypa / Gyzykly /HAÝWANAT DÜNÝÄSINDEN
  09.12.2022
779
HAÝWANAT DÜNÝÄSINDEN

Ping­win. Bu jandarlar uçup bilmeýän, ýöne ýüzüp bilýän ýeketäk guşlaryň biri bolup, olaryň jüý­je­si ýu­murt­ga­dan iki aý­da çyk­ýar. Mundan başga-da, ýu­murt­ga­lar uzak wagt­lap  ýy­ly sak­lan­ma­ly bol­ýar. Ýu­murt­ga­nyň ýy­ly­ly­gy­ny go­ra­mak üçin bol­sa ony ýe­lek­li de­ri­si­niň ara­syn­da sak­laýar­lar. Şeýle hem pingwinler, ýumurtgalar saklanylýan döwründe iý­mit tap­mak üçin deň­ze awa gi­dip bil­me­ýär­ler. Şonuň üçin hem olar şon­ça wagt hiç zat iý­män sak­lan­ýar­lar. 

Ga­ryn­ja­. Ýer ýü­zün­de ga­ryn­ja­nyň 35 müň gör­nü­şi bolup, olar öz ag­ra­my­ndan 10 es­se­, kä­bir­le­ri bol­sa 50 es­se agyr za­dy gö­te­rip bil­ýär­ler. Mör-mö­jek­le­riň ara­syn­da ulu­ly­gy­na gö­rä iň uly beý­ni ga­ryn­ja­da bardyr. Ga­ryn­ja­lar di­ňe gy­zyl ýa-da ga­ra reňkde bolman, eýsem olar me­lew­şe, gök, sa­ry we go­ňur reňk­li hem bol­ýar. 

Dü­ýe. Bu jandarlar çy­dam­ly jan­dar hök­mün­de ta­nal­yp, gün­di­zi­ne aşa ys­sa, gi­je­le­ri­ne sowuga çy­dap bil­ýärler. Olaryň ör­küç­le­ri be­de­ni­niň gyz­gyn­ly­gy­ny ka­da­ly ýagdaýda sak­la­ma­ga kömek ed­ýär. Şeýle hem, ola­ryň ör­kü­jin­de köp muk­dar­da ýag bol­up, ýe­ter­lik iý­mit we suw bolmadyk wag­tynda bu ýag ola­ra güýç-kuw­wat ber­ýär. 

Ke­be­lek­le­r. Hä­zi­rki wagta çen­li ke­be­lek­le­riň 150 müň­den gow­rak gör­nü­şi ha­sa­ba alnypdyr. Beý­le­ki jan­dar­lar­da bol­şy ýa­ly ke­be­lek­le­riň hem en­de­mi­ki gör­nüş­le­ri bar. Mundan başga-da, owa­dan reňk­li ga­nat­la­ry bo­lan ke­be­lek­le­riň zä­her­li gör­nüş­le­ri hem bar. Şeýle hem, kä­bir ke­be­lek­le­riň er­bet ysy bo­lup, bu ola­ry guş­lar­dan go­ra­ýar. 

Slotlar. Bu jandarlar tak­my­nan bir günüň dowamynda 20 sa­gat uk­la­ýar­lar. Olar oýananlaryn­da şeý­le bir ha­ýal he­re­ket ed­ýär­ler we­lin, onuň be­de­nin­de su­wo­tu­lar ösüp bil­ýär. Şol su­wo­tu­lar ýyr­ty­jy­lar­dan go­ran­ma­ga kö­mek ed­ýär. Şeýle hem be­de­ni­ne ýa­py­şan ow­nuk mör-möjek­ler ony duş­man­la­ryn­dan go­ra­ýar. 

 

Yhlas MÄHEKOW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.