Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmak, daşary ýurtlar bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek, eksport mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek, sanly ulgam arkaly ilata edilýän söwda hyzmatlaryny kämilleşdirmek, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň öndürilişini artdyrmak arkaly azyk howpsuzlygyny pugtalandyrmak ýaly möhüm wezipeler we oňyn netijeler hormatly Arkadagly Serdarymyzyň saýasynda mynasyp kemal tapýar. Toplumda sarp ediş harytlarynyň, oba hojalyk pudagynda öndürilýän önümleriň möçberlerini artdyrmak babatda işler yzygider güýçlendirilýär. Daşary ýurtly önüm öndürijilerden ilatyň isleglerini kanagatlandyrmak üçin elýeterli bahadan harytlaryň gerek bolan möçberlerini satyn almak boýunça degişli işleri alyp barýar. «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda, elektron söwdany guramak bu ulgamyň öňünde durýan wezipeleri üstünlikli çözmegiň möhüm şertleriniň biri hökmünde kesgitlenildi. Hormatly Prezidentimiz harytlaryň bahalaryna we azyk bolçulygyny üpjün etmäge, import harytlarynyň möçberiniň azaldylmagyna, ýurdumyzyň kärhanalary tarapyndan öndürilýän, daşary ýurtlara iberilýän önümleriň möçberleriniň artdyrylmagyna berk gözegçilik edilýär. Şu çäreler bilen birlikde, hyzmat ediş hem-de söwda ulgamyny ösdürmäge iri maýa goýumlary gönükdirilýär. Aşgabatda we ýurdumyzyň sebitlerinde gurlan köp sanly söwda merkezleri, dükanlar, bazarlar, jemgyýetçilik iýmiti kärhanalary ilatymyza, ýurdumyzyň myhmanlaryna edilýän hyzmatlaryň ýokary hilini üpjün edýär. Häzirki wagtda önümçilik pudaklary we hyzmatlar bazarlary sanly ulgama işjeň geçýärler. Sanly ykdysadyýetiň ösdürilmegi, ähli ulgamlara öňdebaryjy tehnologiýalaryň ýokary depginlerde ornaşdyrylmagy ýurdumyzyň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamynda eýeleýän ornuny berkidýär. Ýurdumyzda bu ulgamda sanlylaşdyrmagyň depgininiň artýandygyny aýdyň duýmak bolýar. Sanly ulgamyň kömegi bilen söwda işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak, degişlilikde, harytlaryň özüne düşýän gymmatyny azaltmak mümkin bolýar. Şunuň bilen baglylykda, täzelikleri işjeň ulanmaklyga, onlaýn dükanlarynyň döredilmegine aýratyn üns berilýär. Söwdada sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy bilen, ilata edilýän hyzmatlaryň görnüşleri hem kämilleşdirilýär we bäsdeşlige ukyply bazar ykdysadyýeti kemala gelýär. Ösen we ýokary netijeli söwda ulgamy ilatyň abadan durmuşyny üpjün etmek boýunça edilýän tagallalara saldamly goşant goşýar. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasat bu ugurdaky hyzmatdaşlygyň okgunly ösdürilmegine ýardam berýär. Hyzmat etmegiň häzirki zaman görnüşleri we usullary ösdürilýär, söwda edaralarynyň işini guramagyň tehnologiýasy, söwda nokatlarynyň önümleriň dürli görnüşleri bilen üpjün edilmegi babatda halkara standartlara geçmek işi işjeň dowam etdirilýär. Munuň özi döwletiň ykdysady taýdan abadançylygynyň iň gowy görkezijisi bolmak bilen, ýurdumyzyň okgunly ösüşiniň aýdyň nyşany bolup hyzmat edýär.
Täçmyrat BAÝRAMMYRADOW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň 2-nji ýyl talyby.