Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmenistanda CIET-2025 forumy geçiriler ✦ ✦ Ženewada bitaraplyk meselelerine bagyşlanan halkara forum geçirildi ✦ ✦ BMG-niň Baş Assambleýasy «Awaza syýasy Jarnamasy» atly Kararnamany kabul etdi ✦ ✦ «Mahmyt Kaşgarlynyň Diwany lugat at-türk atly eserinde parahatçylygyň we ynanyşmagyň orny» atly halkara ylmy maslahat geçirildi ✦ ✦ Daşkent şäherinde “Aşyk bolmuşam” kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi ✦ ✦ Daşkentde “Magtymguly – dünýäniň akyldary we onuň pelsepesiniň häzirki döwürdäki ähmiýeti” atly maslahat geçirildi ✦ ✦ Himiýa boýunça halkara bäsleşikde türkmen talyplarynyň üstünligi ✦ ✦ Arkadag şäherine Ýewraziýa Patent Guramasynyň W.I. Blinnikow adyndaky altyn medaly gowşuryldy ✦ ✦ Daşary ýurt dillerini öwretmekde innowasion tehnologiýalaryň orny ✦ ✦ Türkmenabatda täze himiýa toplumynyň düýbüni tutmak dabarasy geçirildi ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Halkyň abadançylygyny üpjün etmek möhüm wezipe
  12.04.2023
703
Halkyň abadançylygyny üpjün etmek möhüm wezipe

«Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» ýylynda eziz Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga, halkymyzyň abadan durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen möhüm ädimlere başlangyç berildi. Olaryň esasyny «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» kesgitlenen möhüm wezipeler düzýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan hem-de häzirki wagtda Arkadagly Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda üstünlikli amala aşyrylýan düýpli özgertmeleriň baş ugry bolan ykdysady ulgamdaky döwlet strategiýasy ösüşlere beslenýär. Häzirki wagtda ýurdumyzy ösdürmek boýunça durmuşa geçirilýän konsepsiýada ykdysadyýeti döwrebaplaşdyrmagy diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek pudaklara täze tehnologiýalary, innowasiýalary giňden ornaşdyrmagy, ýurdumyzyň halkara gatnaşyklar ulgamyna işjeň goşulyşmagyny göz öňünde tutýar. Şol wezipeleriň talabalaýyk ýerine ýetirilmegi ýurdumyzyň mundan beýläk-de ösdürilmegini we türkmenistanlylaryň abadançylygynyň ýokarlandyrylmagyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak, şol sanda ýaşaýyş jaý üpjünçiligini gowulandyrmak, durmuş goraglylygyny pugtalandyrmak, raýatlarymyzyň iş üpjünçiligi ulgamyny kämilleşdirmek esasy maksatlaryň hatarynda durýar. Şunuň bilen baglylykda, zähmet gatnaşyklaryny döwrüň talaplaryna laýyklykda kadalaşdyrmak arkaly sebitlerde goşmaça täze iş orunlaryny döretmek göz öňünde tutulýar. Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň kuwwatyndan giňden peýdalanmaga, milli ykdysadyýeti senagatlaşdyrmagyň derejesini ýokarlandyrmaga, pudaklaryň we hyzmat ulgamlarynyň okgunly ösüşini üpjün etmäge, ähli ulgamlara sanly tehnologiýalary işjeň ornaşdyrmaga, innowasion senagaty ösdürmäge, maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň ulanylyşyny artdyrmaga aýratyn ähmiýet berilýär. Döwletimiziň azyk howpsuzlygyny üpjün etmek, oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, maldarçylygyň mümkinçiliklerini giňeltmek we artdyrmak boýunça anyk çäreleri durmuşa geçirmek alnyp barylýar. Dürli pudaklarda kiçi we orta telekeçiligiň işiniň gerimini giňeltmek, eýeçiligiň dürli görnüşlerini ösdürmek öňde durýan möhüm ähmiýetli ugurlar hökmünde kesgitlenilendir. Öňde goýlan wezipelere ýetmek üçin daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça anyk çäreleri amal etmek göz öňünde tutuldy. Durmuş ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmegiň çäklerinde ylym we bilim ulgamynyň işini kämilleşdirmek, pudaklary ýokary hünärli hünärmenler bilen üpjün etmek, bu boýunça halkara hyzmatdaşlygy täze derejä çykarmak babatda uly işler alnyp barlar. «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine, lukmançylyk hyzmatlarynyň elýeterliligini üpjün etmäge aýratyn orun berilýär. Şeýlelikde, milli ykdysadyýetiň esasy pudaklaryny ösdürmek, şol sanda iri innowasion kärhanalary, eksport ugurly, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürýän önümçilikleri gurmak, azyk üpjünçiligini gowulandyrmak, ýurdumyzyň ähli sebitlerinde täze iş orunlaryny döretmek, ilatyň durmuş goraglylygyny üpjün etmek boýunça ýola goýulýan toplumlaýyn çäreler ösüşiň we rowaçlygyň ýolunda bagtyýar halkymyzyň abadan ýaşaýşyny üpjün etmäge şert döredýär. 

 

Aýmyrat AMANDURDYÝEW,

Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby.