Ata Watanymyzyň beýik ösüşleri hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan, giň möçberli maksatnamalaryň we taslamalaryň durmuşa geçirilmegine gönükdirilen döwlet syýasatynyň üstünliklere beslenýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Watanymyzyň okgunly durmuş-ykdysady ösüşini üpjün etmek, döwlet we jemgyýetçilik durmuşyny hemmetaraplaýyn demokratiýalaşdyrmak, halkymyzyň abadançylyk derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak bu maksatnamalaryňdyr taslamalaryň baş maksadydyr. Durmuşa geçirilýän özgertmeler netijesinde halkymyzyň abadançylygynyň, parahat ýaşaýşynyň yzygiderli ösdürilmeginiň üpjün edilmegi häzirki döwürde Diýarymyzda ýaýbaňlandyrylan düýpli özgertmeleriň möhüm bölegidir. Durmuş ulgamy Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň esasy ugrudyr. Ýurdumyzyň bar bolan ägirt uly mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek ykdysady we durmuş ugurlarynyň durnukly ösüşi bilen berk baglanyşyklydyr. Milli ykdysadyýetimizde özgertmeleri amala aşyrmak, onuň tapgyrlaýyn esasda bazar gatnaşyklaryna geçirilmegini üpjün etmek, sanlylaşdyrmak we ýokary tehnologiýaly binýady berkitmek, senagat pudagyna ägirt uly maýa goýum serişdelerini gönükdirmek halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak boýunça wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi bilen utgaşyklylykda alnyp barylýar. Bu asylly işler häzirki wagtda özüniň oňyn netijesini hem berýär. Ilatly ýerleriň düzümini toplumlaýyn kämilleşdirmäge, raýatlarymyzy ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün etmäge gönükdirilen täzeçil şähergurluşyk konsepsiýasy Arkadagly Serdarymyzyň başlangyjy bilen durmuşa geçirilýän syýasatyň möhüm ugurlarynyň biridir. Paýtagtymyzda hem-de tutuş ýurdumyzda bar bolan ýaşaýyş jaýlaryny döwrebaplaşdyrmak bilen bir hatarda, olaryň gurluşygy hem dowam etdirilýär. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022-2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda», şeýle-de «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynda» kesgitlenen wajyp wezipeler üstünlikli ýerine ýetirilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Mähriban Arkadagymyzyň başyny başlan, Arkadagly Serdarymyz tarapyndan üstünlikli amala aşyrylýan düýpli özgertmeler bu gün durmuş ulgamyny nazarlaýan syýasatyň oňyn netijesidir. Şeýle hem, ýurdumyzda bilim ulgamynda düýpli özgertmeleriň amala aşyrylýandygyny aýratyn bellemek gerek. Bu bolsa ösüp gelýän ýaş nesilleriň ukyp-başarnyklaryny doly açyp görkezmegi, häzirki zaman ylmyna we saýlap alan hünärine ýetmegi, ýaşlaryň dünýägaraýşynyň giňelmegi, ylym hem-de döredijilik bilen meşgullanmagy üçin amatly şertleri döretmäge mümkinçilik berýär. Ýaşlara bilim-terbiýe bermekde bilim ulgamyny hemmetaraplaýyn döwrebaplaşdyrmaga, okuw-usulyýet ugruny kämilleşdirmäge, döwrüň talaplaryna laýyk gelýän ylmy-usulyýet binýadyny döretmäge gönükdirilen anyk çäreler durmuşa geçirilýär. Durmuşa geçirilýän özgertmeleriň çäklerinde sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy, daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmek, sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça anyk işler yzygiderli amala aşyrylýar. Umuman, şeýle ösüşler «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylynda ata Watanymyzyň abadançylygy berkarar etmek ýoly bilen ynamly öňe barýandygynyň hem-de ilat hakyndaky aladanyň döwlet syýasatynyň möhüm ugry bolup durýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.
Annadurdy ÝARJANOW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň 2-nji ýyl talyby.