Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Magtymguly Pyragy: dünýä edebiýatynyň akyldary ✦ ✦ Statistika ulgamyndaky täze sepgitler ✦ ✦ Babadaýhan etrabynda ýylyň şygaryna bagyşlanan maslahat geçirildi ✦ ✦ “Iň eýjejik gyzjagaz – 2025” atly bäsleşik yglan edildi! ✦ ✦ Sanly ulgam we ýaşlar ✦ ✦ “Talyp Gözeli – 2025” atly gözellik bäsleşigi yglan edildi! ✦ ✦ Döwlet gümrük gullugynda Gözegçilik-seljeriş merkezi işe girizildi ✦ ✦ Süýjüli diabet keseliniň patogenezi ✦ ✦ Paýtagtymyzyň asma ýolunda abatlaýyş İşleri geçiriler ✦ ✦ "Hakyda göwheri" - Dünýä paýhas bilen aýlanýar, zehin bilen nurlanýar ✦
Baş sahypa / Syýasat /Halkara zähmet maslahatynyň 112-nji mejlisi geçiriler
  15.05.2024
351
Halkara zähmet maslahatynyň 112-nji mejlisi geçiriler

Halkara zähmet guramasy, HZG (International Labour Organization, ILO) zähmet gatnaşyklaryny kadalaşdyrmak meseleleri bilen meşgullanýan BMG-niň ýöriteleşdirilen edarasydyr. Halkara zähmet guramasynyň esasy maksatlary durmuş-ykdysady ösüşe, ilatyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmaga we zähmet şertlerini gowulandyrmaga, adam hukugyny goramaga ýardam bermekden ybaratdyr.

 

Mälim bolşy ýaly, 2024-nji ýylyň 10-njy maýynda geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow BMG-niň ýöriteleşdirilen düzümi bolan Halkara Zähmet Guramasy bilen Türkmenistanyň hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Däp bolan özara hyzmatdaşlygy giňeltmek maksady bilen, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna birnäçe degişli teklipler hödürlenildi.

 

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Hökümeti bilen Halkara Zähmet Guramasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça çäreleriň 2024-2025-nji ýyllar üçin "Ýol kartasy" işlenip taýýarlanyldy. Şunuň bilen baglylykda, bu “Ýol kartasynyň” we onda göz öňünde tutulan çäreleriň durmuşa geçirilmegine ýurdumyzyň döwlet edaralarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmagy teklip edilýär.

 

Şeýle-de, şu ýylyň 3—14-nji iýuny aralygynda Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Ženewa şäherinde Halkara Zähmet Guramasynyň Halkara zähmet maslahatynyň 112-nji mejlisi geçiriler. HZG-niň Baş direktory Türkmenistanyň wekiliýetini bu mejlise gatnaşmaga çagyrdy. Şunuň bilen baglylykda, Ženewa şäherine saparyň çäklerinde ýurdumyzyň wekiliýetiniň Halkara Zähmet Guramasynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri bilen duşuşyklarynyň guralmagy maksadalaýyk hasaplanýar. Mundan başga-da, 2024-nji ýylda geçirilmegi meýilleşdirilýän bilelikdäki çäreleri ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen, şu ýylyň 14—17-nji maýy aralygynda Halkara Zähmet Guramasynyň halkara zähmet kadalary boýunça hünärmenleriniň Türkmenistana saparyny guramak teklip edilýär.

 

Halkara zähmet guramasy 1919-njy yylda Wersal parahatcylyk ylalasygy esasynda döredilip, häzirki wagtda 185 döwlet guramanyň agzasydyr.

 

Döwletmyrat HAJYÝEW,
rkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutyny
ň talyby.