Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ II Türkmen — Özbek forumynda täze ylalaşyklar gazanyldy ✦ ✦ Türkmenistan Hytaýyň hakara söwda sergisine gatnaşmaga çagyryldy ✦ ✦ Aýdym-saz ynsanyň göwün syrdaşy ✦ ✦ Ylym-bilim – ösüşiň kämil çeşmesi: ýaş nesillere ylym-bilim bermegiň täze usullary ✦ ✦ Mugallymlar häzirki zaman pedagogikasyny öwrenýär ✦ ✦ “Kids Expo 2024”: Türkmen wekiliýeti halkara hyzmatdaşlygyny güýçlendirýär ✦ ✦ Täze bilim sebitlerinde hyzmatdaşlyk ✦ ✦ Türkmen talyplarynyň Halkara taslama bäsleşiklerinde üstünligi ✦ ✦ Gözlegçiler süýdemdirijileriň beýnisiniň ösüşini görkezýän 3D atlas döretdi ✦ ✦ Türkmenistanyň hünär biliminiň ösüşinde DARYA maksatnamasynyň orny ✦
Baş sahypa / Ylym we Bilim /Halkara olimpiada öz işine başlady
  22.05.2024
229
Halkara olimpiada öz işine başlady

2024-nji ýylyň 22-nji maýynda gözel paýtagtymyz Aşgabatda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, Hazarýaka döwletleriniň, Türkiýäniň we Hytaýyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň gatnaşmagynda «Halkara gatnaşyklary: parahatçylykly gepleşikleriň medeniýeti» atly halkara olimpiada badalga berilip, ýurdumyzdan hem-de gatnaşyjy ýurtlardan talyplaryň 250-si çykyş ederler. Bäsleşik türkmen ýokary okuw mekdepleriniň 20-siniň hem-de 9 ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň 11-siniň wekillerini bir ýere jemlär.

 

Halkara derejesinde geçirilýän bu bäsleşik aýratynlykdaky we toparlaýyn görnüşlerinde bolup, bäsleşigiň birinji tapgyrynda gatnaşyjylara test sowallary berler. Ol sebit we halkara gatnaşyklaryna, olaryň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, taryhy-medeni hem-de beýleki wajyp ugurlara degişli meselelerden ybarat bolar. Aýratynlykdaky tapgyrda bäsleşige gatnaşyjylara halkara gepleşiklerini modelirlemek, halkara ykdysady gatnaşyklary öwrenmekde maglumat tehnologiýalaryny ulanmak, halkara ulag logistikasynda dünýädäki ýagdaýlary öwrenmek, halkara gatnaşyklarynda oňaýly çözgütleri kabul etmekde matematikany hem-de matematiki modelirlemäni ulanmak ýaly ugurlar boýunça ýumuşlar berler. Toparlaýyn tapgyrda bäsleşige gatnaşyjylar halkara gatnaşyklarynda matematiki usulyýetleri peýdalanmak, matematiki modelirleme, ekonometrika, logistika hem-de beýleki ugurlar boýunça degişli ýumuşlary ýerine ýetirerler.

 

Döwlet JUMAGYLYJOW,
rkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaş
yklary institutynyň talyby.