Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Gün energiýasyndan peýdalanmagyň mümkinçilikleri ✦ ✦ Agro pack sergisi öz işini tamamlady ✦ ✦ Ak bagtym sen, paýtagtym sen Aşgabat! ✦ ✦ Köpasyrlyk arzuwyň aýdyň dabaralanmasy ✦ ✦ Halkara zähmet maslahatynyň 112-nji mejlisi geçiriler ✦ ✦ “Gilgameş” spektaklynyň ilkinji gezek görkezilişi boldy ✦ ✦ Türkmenistanda biotehnologiýany ösdürmek boýunça maksatnama kabul edildi ✦ ✦ Bäherden etrabynyň hassahanasyna täze medisina enjamlary sowgat berildi ✦ ✦ Babadaýhan etrabynda "Çalsana bagşy" bäsleşiginiň saýlama tapgyry geçirildi ✦ ✦ Saud Arabystan Türkmenistana 25 tonna hurmany sowgat hökmünde ugratdy ✦
Baş sahypa / Sport /Halkara hyzmatdaşlygynyň möhüm ugry
  04.05.2024
110
Halkara hyzmatdaşlygynyň möhüm ugry

Sportuň halkara hyzmatdaşlygynyň möhüm ugrudygy asyrlaryň subut eden hakykatydyr. Ine, şu ajaýyp hakykatyň miwesi bolsa Gahryman Arkadagymyzyň dünýäde dabaralanýan sport syýasatynda aýdyň beýanyny tapýar. Milli Liderimiziň dünýä derejesinde sporty ösdürmegiň, şunuň bilen baglylykda hem, sagdyn durmuş ýörelgesini we ekologiýa syýasatyny wagyz etmegiň ýolundaky ähmiýetli başlangyçlarynyň ählisiniň iň iri halkara guramalaryň üns merkezinden ornuny tapýandygy eziz Diýarymyzyň halkara abraýyndan nyşandyr. Ýurdumyzyň başlangyjy esasynda BMG-niň her ýylyň 3-nji iýunyny Bütindünýä welosiped güni diýip yglan etmek hakyndaky çözgüdi munuň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi. Ginnesiň Rekordlar kitabyndan ornuny tapan wakalarymyzyň hem birnäçesiniň sport bilen bagly bolmagy ýurdumyzda bu ulgama berilýän ähmiýeti görkezýär.

 

Dünýäde iri sport merkezi hökmünde uly abraýdan peýdalanýan Türkmenistanyň ýygyndy toparlarynyň iň iri Oýunlarda, dünýä we yklym ýaryşlarynda gazanýan netijeleri bolsa ýurdumyzda milli sportuň kämil mekdebiniň kemala gelendigini äşgär edýär.

 

Hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly ajaýyp kitabynda şeýle dürdäne jümleler bar: «Sport ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy giňeldýäris. Bu ugur döwletimiziň alyp barýan daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Garaşsyz Türkmenistan häzirki wagtda ösen sport ulgamyna eýe bolan, dünýä derejesindäki ýaryşlary üstünlikli geçirmekde baý tejribe toplan, halkara sport hyzmatdaşlygyna işjeň gatnaşýan ýurt hökmünde tanalýar».

 

Dünýä jemgyýetçiligi bu dürdäne jümleleriň ajaýyp hakykatdygyna Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň sport abraýyny belende göteren möhüm wakanyň – ýurdumyzda geçen ýylyň noýabr aýynda geçirilen Kuraş boýunça ХIV dünýä çempionatynyň mysalynda ýene bir ýola bütin aýdyňlygy bilen göz ýetirdi diýip buýsanç bilen aýdyp bileris. Elbetde, bedenterbiýäni we sporty ösdürmegi, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmagy, iň esasy hem, ýurdumyzyň dünýäde sport döwleti diýlip ykrar edilmegini gazanmagy esasy wezipeleriň biri hökmünde kesgitlän Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen bu belent wezipelere abraý bilen hötde gelnendigi hemmämize mälimdir. Bedenterbiýe we sport ulgamynda türkmen halkynyň Milli Lideriniň badalga beren başlangyçlarynyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe has-da rowaçlanýandygy-da hemmämizi buýsandyrýan hakykatdyr. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda häzirki wagtda milli sportumyz ösüşiň täze belentliklerini nazarlaýar. Bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy hem barha giňeldilip, ýurdumyzyň sport döwleti hökmünde dünýädäki abraýy has-da artýar. Türkmenistanyň 2023 – 2027-nji ýyllar üçin ÝUNESKO-nyň Bedenterbiýe we sport boýunça Hökümetara komitetiniň agzalygyna saýlanmagy-da munuň aýdyň subutnamasy bolup dabaralandy. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň taryhyna altyn harplar bilen ýazylan bu şanly wakanyň paýtagtymyzda Kuraş boýunça geçirilen dünýä çempionatynyň öň ýanynda şatlygymyza şatlyk, buýsanjymyza buýsanç goşmagy aýratyn bellenilmeli ýagdaýdyr. Şeýle belent mertebä eýe bolmagy Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň sport älemindäki abraýyny täze belentliklere göterdi. Mälim bolşy ýaly, ýurdumyz bu komitetiň düzümine 2017 – 2021-nji ýyllar döwri üçin hem saýlanypdy we Türkmenistanyň şeýle mertebä nobatdaky gezek mynasyp görülmegi Gahryman Arkadagymyzyň bedenterbiýäni we sporty ösdürmekdäki ýörelgeleriniň Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýändiginiň nyşanydyr.

 

Ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty, olimpiýa hereketini ösdürmek, bu ugurdaky hyzmatdaşlygy giňeltmek babatda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Halkara guramalardan Türkmenistanda iri ýaryşlary geçirmek boýunça teklipleriň yzygiderli gelip gowuşýandygy bolsa milli Liderimiziň alyp barýan sport diplomatiýasynyň dünýäde dabaralanýandygyny, sport ýurdy hökmünde tanalýan ýurdumyzyň halkara abraýynyň has-da pugtalanýandygyny görkezýär.

 

Milli maksatnamalarymyzy we özgertmelerimizi amala aşyrmagyň çäklerinde köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini, sporty has-da ösdürmäge uly möçberde maýa goýumlary gönükdirilýär. Welaýatymyzda guralýan sport çäreleri hem sport sagaldyş-hereketine özboluşly itergi berýär. Şäherlerde we obalarda, welaýat merkezinde dürli ýaryşlar ýaýbaňlandyrylýar. Giň gerimli halkara derejesindäki çäreleriň yzygiderli geçirilmegi hormatly Prezidentimiziň durmuş ugurly içeri syýasatynyň üstünlige beslenýändigini hem aýdyň äşgär edýär. Şeýle hem täze taryhy eýýamda ýurdumyzda şahsyýetiň saglygyna we ruhy dünýäsine zeper ýetirýän temmäkä hem-de ýaramaz endiklere garşy aýgytly göreşiň alnyp barylmagy, sagdyn durmuş ýörelgelerini we işjeň dynç alşy wagyz etmek boýunça uly işleriň ýaýbaňlandyrylmagy aýratyn bellärliklidir. Berkarar döwletimizde sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek, ilaty bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga çekmek boýunça çäreleriň netijeliligi ägirt uly üstünlikleriň gazanylmagynyň wajyp şertine öwrüldi.,

 

Resul GYLYJOW,
rkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaş
yklary institutynyň talyby.