Halkara gimnastika federasiýasynyň başlygy (FIG) Morinari Watanabe Merkezi Aziýa ýurtlaryna saparyň çäklerinde Türkmenistanda gimnastika sportuny ösdürmekde hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak maksady bilen, iki günlük sapar bilen Aşgabatda boldy.
Türkmen paýtagtyna sapary döwründe FIG-iň baştutanynyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda şeýle hem Aziýanyň gimnastika birleşiginiň (AGU) başlygy Ben Saad Al-Şatri we AGU-nyň wise-prezidenti Timur Abduwaliýew boldular. Aşgabatda bolan döwri halkara gimnastika guramalarynyň ýolbaşçylary wise-premýer B.Orazdurdyýewa bilen duşuşdylar. Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň başlygy A.Saparowyň we Milli Olimpiýa komitetiniň baş sekretary A.Akmämmedowyň gatnaşmagynda geçirilen duşuşykda taraplar ýurdumyzda gimnastikanyň ösüşiniň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.
Saparyň dowamynda dünýä gimnastika bileleşiginiň ýolbaşçylary milli ýygyndy toparynyň Olimpiýa şäherçesindäki türgenleşik binýadyna baryp, tälimçiler we ussat türgenler bilen söhbetdeş boldular. Morinari Watanabe Türkmenistanda tälim almak üçin ajaýyp şertlere haýran galýandygyny aýdyp, Halkara gimnastika federasiýasynyň Türkmenistanda sportuň şu görnüşiniň ösmegine doly goldaw berjekdigine ynandyrdy.
Saparyň maksatnamasynyň çäklerinde myhmanlar Türkmen halysynyň milli muzeýine hem-de Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine baryp gördüler.
Senemtäç Rejepowa,
Türkmen oba hojalyk institutynyň I ýyl talyby.