logo

Latest news:
✦ Döredijilik dünýäsine syýahat ✦ ✦ Türkmen-amerikan hyzmatdaşlygy işjeň häsiýetde ✦ ✦ Okuwa kabul etmegiň täze meýilnamasy we tertibi tassyklanyldy ✦ ✦ Şweýsariýanyň wekilleri Döwlet energetika institutynda boldular ✦ ✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦
Home / Economics /“Halkara gatnaşyklary: parahatçylyk dialogynyň medeniýeti” atly halkara bäsleşigi geçiriler
  22.04.2024
601
“Halkara gatnaşyklary: parahatçylyk dialogynyň medeniýeti” atly halkara bäsleşigi geçiriler

2024-nji ýylyň 22-25-nji maýy aralygynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň bilelikde gurnamagynda Merkezi Aziýa we Hazarýaka ýurtlarynyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda “Halkara gatnaşyklary: parahatçylyk dialogynyň medeniýeti” atly halkara bäsleşiginiň geçirilmegi meýilleşdirilýär.

 

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda geçiriljek bu bäsleşigiň baş maksady talyplaryň halkara gatnaşyklary ugrundan zehin başarnyklaryny ýüze çykarmak, degişli sebitleriň talyp ýaşlarynyň arasynda dostlukly gatnaşyklaryny berkitmek, okuw-bilim tejribeligini alyşmaga ýardam bermek, ylym-bilimleri özara bähbitli  alyş-çalyş etmek, häzirki zamanda ýüze çykýan ylmy we amaly meseleleri çözmäge ukyply ýaş hünärmenleri taýýarlamak, ýurdumyzyň  we daşary ýurtlaryň  ýokary okuw mekdepleriniň arasynda özara bähbitli gatnaşyklary ýola goýmak we berkitmek, Bitarap Türkmenistanyň medeni we bilim diplomatiýasyny wagyz etmek ýaly ýörelgelerden ybarat bolup durýar.

 

Bäsleşik şahsy we toparlaýyn bäsleşikler görnüşinde geçirilip, oňa her topardaky talyp sany 1-6 aralygynda bolup biler. Eminler toparynyň kesgitlemegi esasynda bäsleşigiň şahsy we toparlaýyn tapgyrdaky ýeňijileri altyn, kümüş we bürünç medallar, degişlilikde 1-nji, 2-nji we 3-nji derejeli Diplomlar, Hormat hatlary we sowgatlar bilen sylaglanylar.

 

Türkmen, rus we iňlis dillerinde alnyp baryljak bu bäsleşik baradaky doly maglumatlar bilen : https://iirmfa.edu.tm saýtynda tanyş bolup bilersiňiz.

 

Muhammetnur GARABAÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.