Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ II Türkmen — Özbek forumynda täze ylalaşyklar gazanyldy ✦ ✦ Türkmenistan Hytaýyň hakara söwda sergisine gatnaşmaga çagyryldy ✦ ✦ Aýdym-saz ynsanyň göwün syrdaşy ✦ ✦ Ylym-bilim – ösüşiň kämil çeşmesi: ýaş nesillere ylym-bilim bermegiň täze usullary ✦ ✦ Mugallymlar häzirki zaman pedagogikasyny öwrenýär ✦ ✦ “Kids Expo 2024”: Türkmen wekiliýeti halkara hyzmatdaşlygyny güýçlendirýär ✦ ✦ Täze bilim sebitlerinde hyzmatdaşlyk ✦ ✦ Türkmen talyplarynyň Halkara taslama bäsleşiklerinde üstünligi ✦ ✦ Gözlegçiler süýdemdirijileriň beýnisiniň ösüşini görkezýän 3D atlas döretdi ✦ ✦ Türkmenistanyň hünär biliminiň ösüşinde DARYA maksatnamasynyň orny ✦
Baş sahypa / Ylym we Bilim /Halkara gatnaşyklary: parahatçylyk dialogynyň medeniýeti
  22.05.2024
215
Halkara gatnaşyklary: parahatçylyk dialogynyň medeniýeti

Häzirki ajaýyp döwrümizde durmuşa geçirilýän beýik işleriň çäklerinde ýurdumyzda bilim ulgamyny has-da kämilleşdirmek we sanly bilim ulgamyny ösdürmek esasy ugurlaryň biri bolup durýar. Şunda bilim bermegiň iň kämil usullaryndan giňden peýdalanylýar, döwrebap usullar üstünlikli alnyp barylýar. Ýaş nesle döwrebap bilim bermekde bilim ojaklarynda ösen tehnologiýalary ornaşdyrmagyň ähmiýeti has-da uludyr.

 

Hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryndan ugur alyp, şeýle hem BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy boýunça kabul edilen «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamadaky parahatsöýüjilik, ynanyşmagy we özara dialogy berkitmek baradaky ýörelgeleri ýaşlaryň arasynda giňden dabaralandyrmak maksady bilen geçiriljek bu bäsleşik parahatçylygy wagyz etmek, halkara dialogy işjeňleşdirmek, medeni diplomatiýany ilerletmek, ýaşlaryň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek babatda oňyn netijeleri gazanmakda ähmiýetlidir. 2024-nji ýylyň 22 — 25-nji maýy aralygynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hem-de Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň bilelikde guramagynda «Halkara gatnaşyklary: parahatçylyk dialogynyň medeniýeti» atly halkara olimpiada geçiriler.

 

Halkara bäsleşik şahsy we toparlaýyn görnüşinde gurnalyp, degişli düzgünnama laýyklykda, onuň şahsy tapgyry test sowallary we ýazuw-barlag işleri esasynda geçiriler. Test sowallary sebit we halkara gatnaşyklary, olaryň syýasy-diplomatiki, söwda-ykdysady, taryhy-medeni we beýleki derwaýys ugurlaryny öz içine alar. Halkara bäsleşigiň şahsy tapgyrynda gatnaşyjylar ýumuşlary we meseleleri çözmekde öz ukyplaryny synap görerler.  Ýumuşlar we meseleler halkara gatnaşyklarynda matematiki usullary ulanmak, matematiki modelirlemek, ekonometrika, logistika ýaly ugurlardan tabşyrylar. Ýeri gelende bellesek, halkara bäsleşigiň gatnaşyjylaryň bilelikdäki «paýhas hüjümi» breýn-ring bäsleşigi hem geçiriler. Halkara bäsleşigiň ýokary guramaçylykly geçirilmegi üçin Guramaçylyk komiteti döredilendir.

 

Hormatly Prezidentimiziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen baş ýörelgesiniň giňden dabaralanmagy netijesinde, ajaýyp zamanamyzda ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynyň barha uly ösüşlere eýe bolýandygyny we halkymyzyň medeni-ruhy durmuşynda ägirt uly özgertmeleriň, ösüşleriň bolup geçýändigini bu gün aýdyňlygy bilen görmek bolýar.

 

Bägül MERDANOWA,
rkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatna
şyklary institutynyň talyby.