Mälim bolşy ýaly, 2024-nji ýylyň 22 — 25-nji maýy aralygynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hem-de Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň bilelikde guramagynda «Halkara gatnaşyklary: parahatçylyk dialogynyň medeniýeti» atly halkara bäsleşik geçirilýär. Bu halkara bäsleşige daşary ýurtlaryň 9-synyň 11 sany abraýly ýokary okuw mekdebinden 40-dan gowrak magistrler we talyplar, şeýle hem ýurdumyzyň 22 sany ýokary okuw mekdebinden talyp ýaşlar gatnaşýarlar.
Gatnaşyjylar dabaraly ýagdaýda, ýokary taýýarlykly, halkymyzyň milli myhmansöýüjilik, dost-doganlyk, açyk göwünlilik, hoşniýetlilik däplerine laýyklykda garşy alyndy. Myhmanlary Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymlarydyr talyp ýaşlary, meýletinçi ýaşlar güler ýüz bilen garşyladylar.
Ýörite maksatnama laýyklykda, 2024-nji ýylyň 22-nji maýynda myhmanlar halkara bäsleşigiň geçirilýän ýeri bolan türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebi bilen ýakyndan tanyşdylar. Bu abraýly bilim ojagyndaky «Türkmen diplomatiýasynyň taryhy» muzeýi, «Ak öý», «Ýaş žurnalistler» ylmy-döredijilik gurnagynyň çägindäki okuw studiýasy, «Ýaş diplomatyň sesi» atly elektron gazetiniň redaksiýasy bilen tanyşlyk myhmanlarda ýakymly täsirleri galdyrdy. Olar institutyň okuw studiýasy tarapyndan ýörite guralan «tegelek stol» gepleşiginde öz ýürek buýsançlaryny, pikir-garaýyşlaryny beýan etdiler.
Şu gün bolsa, ýagny 2024-nji ýylyň 23-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda dabaraly ýagdaýda halkara bäsleşigiň açylyşy boldy. Bu şatlyk- şowhuna beslenen dabara hemmeleriň ýüregini watana bolan söýgüden, dost-doganlyk gatnaşykaryna goýulýan sarpadan püre-pürlendirdi. Şeýle hem bäsleşigiň ilkinji tapgyrlaryna badalga berildi.
Ýeri gelende bellesek, Hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryndan ugur alyp, şeýle hem BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy boýunça kabul edilen «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamadaky parahatsöýüjilik, ynanyşmagy we özara dialogy berkitmek baradaky ýörelgeleri ýaşlaryň arasynda giňden dabaralandyrmak maksady bilen geçirilýän bu bäsleşik parahatçylygy wagyz etmek, halkara dialogy işjeňleşdirmek, medeni diplomatiýany ilerletmek, ýaşlaryň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek babatda oňyn netijeleri gazanmakda ähmiýetlidir. Şeýle-de Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň bilelikde guramagynda geçirilýän bu halkara bäsleşigi özara intellektual ýaryş esasynda talyplaryň halkara gatnaşyklary boýunça zehin başarnyklaryny ýüze çykarmagy, degişli sebitleriň talyp ýaşlarynyň arasynda dostlukly gatnaşyklary berkitmegi, okuw-bilim tejribeligini alyşmaga ýardam bermegi, häzirki zamanda ýüze çykýan ylmy we amaly meseleleri çözmäge ukyply ýaş hünärmenleri taýýarlamagy, ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda özara bähbitli gatnaşyklary ýola goýmagy we pugtalandyrmagy, Bitarap Türkmenistanyň medeni we bilim diplomatiýasyny wagyz etmegi maksat edinýär.
Umuman aýdanymyzda, bu halkara bäsleşikleriň, olimpiadalaryň yzygiderli ýagdaýda ýurdumyzda geçirilmegi buýsandyryjy ýagdaýdyr. Munuň özi daşary ýurtlaryň abraýly ýokary okuw mekdepleridir iri ylym-bilim merkezleri bilen hyzmatdaşlygyň has-da berkeýändigini alamatlandyrýar.
Şirin HANMÄMMEDOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.