Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Somatoform bozulmalar we olaryň dartgynlylyk bilen baglanşygy ✦ ✦ “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” - durnukly we bagtyýar geljegiň kepili ✦ ✦ Nanotehnologiýalaryň lukmaçylykda ähmiýeti ✦ ✦ Bitaraplyk — Parahatçylygyň Binýady ✦ ✦ Magtymguly Pyragy – beýik akyldar ✦ ✦ Daşary ýurt Hukuk diplomlary üçin täze talaplar we üýtgeşmeler ✦ ✦ Türkmenistanyň saglyk ulgamynda sagaldyş-dikeldiş merkezleriniň orny ✦ ✦ Gahryman Arkadagyň eserleri ✦ ✦ Newroz - psihologiki durnuksyzlyk ýagdaýydyr. ✦ ✦ Ýylyň şygary mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi ✦
Baş sahypa / Medeniýet /Halkara bäsleşige bagyşlanan baýramçylyk konserti geçirildi
  23.05.2024
265
Halkara bäsleşige bagyşlanan baýramçylyk konserti geçirildi

2024-nji ýylyň 23-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hem-deTürkmenistanyň Daşary isler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň bilelikde guramagynda «Halkara gatnaşyklary: parahatçylyk dialogynyň medeniýeti» atly halkara bäsleşik öz işine başlap, oňa Merkezi Aziýa we Hazarýaka döwletleriniň, Türkiýe Respublikasynyň, Hytaý Halk Respublikasynyň, şeýle-de, Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinden jemi 250-den gowrak gatnaşyjy hasaba alyndy.

 

Dabaranyň açylyşynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory, taryh ylymlarynyň kandidaty Jumamyrat Gurbangeldiýew, institutyň Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasynyň uly mugallymy, Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçi, Türkmenistanyň ussat diplomaty Sapar Berdinyýazow, Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrliginiň Moskwa Döwlet halkara gatnaşyklary institutynyň dosenti, syýasy ylymlarynyň kandidaty Igor Okunew çykyş etdiler. Dabarada çykyş edenler BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy boýunça kabul edilen «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamadaky parahatsöýüjilik, ynanyşmagy we özara dialogy berkitmek baradaky tagallalary wagyz etmek ýörelgelerinden gözbaş alýan bu halkara bäsleşigiň ähmiýeti dogrusynda bellediler. Ýurdumyzda bu bäsleşigiň ilkinji gezek geçirilmegi halkara gatnaşyklarynda strategiki meseleleri derňemek, taktiki meseleleri çözmekde talyplaryň bilimlerini çuňlaşdyrmak, ylmy-barlaglarda ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmak zerurlygyndan, şeýle hem ählumumy parahatçylyk ýörelgelerini giňden wagyz etmek işlerini geçirmek, daşary ýurtly ugurdaş hünärmenler bilen ýakyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak hem halkara ýaşlar hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine gönükdirilendir.

 

Mundan başga-da, bäsleşigiň açylyş dabarasynyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň hem-de Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň aýdym-saz we döredijilik toparlarynyň bilelikde gurnamagynda baýramçylyk konserti geçirildi. Konsert bäsleşige gatnaşyjylarda uly täsir galdyryp, şowhunly el çarpyşmalara mynasyp boldy.

 

Kakajan KAKAJANOW,
rkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaş
yklary institutynyň talyby.