Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Somatoform bozulmalar we olaryň dartgynlylyk bilen baglanşygy ✦ ✦ “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” - durnukly we bagtyýar geljegiň kepili ✦ ✦ Nanotehnologiýalaryň lukmaçylykda ähmiýeti ✦ ✦ Bitaraplyk — Parahatçylygyň Binýady ✦ ✦ Magtymguly Pyragy – beýik akyldar ✦ ✦ Daşary ýurt Hukuk diplomlary üçin täze talaplar we üýtgeşmeler ✦ ✦ Türkmenistanyň saglyk ulgamynda sagaldyş-dikeldiş merkezleriniň orny ✦ ✦ Gahryman Arkadagyň eserleri ✦ ✦ Newroz - psihologiki durnuksyzlyk ýagdaýydyr. ✦ ✦ Ýylyň şygary mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Halk maslahaty: jebislik, agzybirlik we aýanlyk
  23.09.2024
222
Halk maslahaty: jebislik, agzybirlik we aýanlyk

Ata-babalarymyzyň döwletlilik ýörelgelerinden ugur alnyp, il sylagly ýaşulularyň, dilleri senaly enelerimiziň, milli ykdysadyýetimiziň öňdebaryjylarynyň, parlak geljegimiz bolan ýaşlaryň gatnaşmaklarynda geçirilýän Halk Maslahaty halkymyzyň agzybirliginiň, jebisliginiň, birek-birege hormat-sarpasynyň belent nyşanydyr. Jemgyýetçilik-syýasy, ruhy ýokary göteriliş ýagdaýynda geçýän Halk Maslahaty halkymyzyň “Geňeşli biçilen don gysga bolmaz”, “Geňeşli il salamat” diýen pähimleriniň durmuşa geçmegidir. 

 

Bir supranyň başynda jemlenip, döwletli maslahat etmek, birek-birege sala salmak il-ýurt bähbitli meseleleriň agzybirlik bilen çözülmegine giň mümkinçilikleri döredýär. Döwlet-jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşýan ýaşuly nesliň işi, durmuşy ýaş nesil üçin halallygyň, watansöýüjiligiň, zähmetsöýerligiň mekdebidir. Halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasy bolan Türkmenistanyň Halk Maslahaty agzybirligi, abadançylygy, Garaşsyz döwletiň ykdysady, syýasy kuwwatyny artdyrmakda ägirt uly güýçdür. Ol güýç ýaşuly nesliň göreldesiniň, tejribesiniň ýaşlara geçmegi bilen, Garaşsyzlygyň 33 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda buýsanjymyzy has-da goşalandyrýar. 

 

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi döwletli işleriň gözbaşy bolup durýar, türkmen halkynyň şöhratly geçmişiniň, ajaýyp şu gününiň, röwşen geljeginiň sazlaşygyny üpjün edýär. Bu döwletli işler ähli ildeşlerimizde buýsanç döredýär. Munuň özi wekilçilikli edaranyň işine jemgyýetiň dürli gatlaklaryndan wekilleriň, ýaşulularyň, aýratyn-da, ýaşlaryň gatnaşmagy il-ýurt bähbitli çözgütleri kabul etmekde wajyp ähmiýete eýe bolýar. Bu bolsa ýurdumyzda giň möçberli özgertmeleriň amala aşyrylýandygyny şöhlelendirýär. 

 

Adalat ŞAMURZAÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.