Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Somatoform bozulmalar we olaryň dartgynlylyk bilen baglanşygy ✦ ✦ “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” - durnukly we bagtyýar geljegiň kepili ✦ ✦ Nanotehnologiýalaryň lukmaçylykda ähmiýeti ✦ ✦ Bitaraplyk — Parahatçylygyň Binýady ✦ ✦ Magtymguly Pyragy – beýik akyldar ✦ ✦ Daşary ýurt Hukuk diplomlary üçin täze talaplar we üýtgeşmeler ✦ ✦ Türkmenistanyň saglyk ulgamynda sagaldyş-dikeldiş merkezleriniň orny ✦ ✦ Gahryman Arkadagyň eserleri ✦ ✦ Newroz - psihologiki durnuksyzlyk ýagdaýydyr. ✦ ✦ Ýylyň şygary mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Halk maslahaty - halk demokratiýasynyň kämil nusgasy
  21.08.2024
276
Halk maslahaty - halk demokratiýasynyň kämil nusgasy

«Maslahatly biçilen don gysga bolmaz», «Geňeşli salamat bolar» diýen ýaly pähimleri döreden dana pederlerimiz her bir işde il-halka geňeşipdir. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 24-nji sentýabrynda paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde geçiriljek Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi hem bu durmuşy ýörelgäniň mynasyp dowamy bolup, nusgalyk döwlet taglymaty bilen beýik geljegi gurýandygymyzyň aýdyň nyşanydyr. Halk Maslahaty — munuň özi, agzybirligiň, adalatlylygyň, jebisligiň nyşany.    

 

Türkmen jemgyýetiniň agzybirligini, jebisligini berkidip, milli demokratiýany ösdürmekde gazanylýan üstünlikler, taryhy ösüşler  Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň oňyn başlangyçlary, beýik işleri bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.  

 

Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini ýokary derejede geçirmäge häzirki wagtda ýokary guramaçylykly taýýarlyk görülýär. Bu möhüm jemgyýetçilik-syýasy waka Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň täze taryhyna altyn harplar bilen ýazylyp, «Döwlet adam üçindir!», «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ajaýyp ýörelgelerimize laýyklykda, halka daýanyp, halkyň hatyrasyna netijeli durmuş-ykdysady syýasatyň üstünlikli amala aşyrylmagyna kuwwatly itergi berer.

 

Selbi BALKANOWA,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň
mugallymy.