Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Somatoform bozulmalar we olaryň dartgynlylyk bilen baglanşygy ✦ ✦ “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” - durnukly we bagtyýar geljegiň kepili ✦ ✦ Nanotehnologiýalaryň lukmaçylykda ähmiýeti ✦ ✦ Bitaraplyk — Parahatçylygyň Binýady ✦ ✦ Magtymguly Pyragy – beýik akyldar ✦ ✦ Daşary ýurt Hukuk diplomlary üçin täze talaplar we üýtgeşmeler ✦ ✦ Türkmenistanyň saglyk ulgamynda sagaldyş-dikeldiş merkezleriniň orny ✦ ✦ Gahryman Arkadagyň eserleri ✦ ✦ Newroz - psihologiki durnuksyzlyk ýagdaýydyr. ✦ ✦ Ýylyň şygary mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi ✦
Baş sahypa / Syýasat /Halk Maslahaty — demokratiýanyň milli nusgasy
  09.08.2024
322
Halk Maslahaty — demokratiýanyň milli nusgasy

«Döwlet işleri geňeşli alnyp barylýan, her bir üstünligine buýsanyp bilýän ilde agzybirlik, asudalyk, jebislik, parahatçylyk, adalatlylyk, abadançylyk höküm sürýär» diýen ajaýyp düşünjä halkymyz ezelden eýeripdirler. «Maslahatly biçilen don gysga bolmaz» diýýän türkmen halkynyň durmuşynda irki döwürlerden bäri has möhüm, derwaýys meseleler döwrüniň parasatly gojalarydyr il ogullarynyň ýygnanyşygynda orta goýlupdyr.  

 

Pederlerimizden gelýän asylly ýörelgeler ýylyň ýylyna Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly toýunyň öňüsyrasynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde dabaralanýar. Döwletimiziň durmuşynda taryhy ähmiýetli waka bolan bu umumymilli forumyň gün tertibini ýurdumyzy mundan beýläk-de okgunly ösdürmäge, halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen düýpli özgertmeleri amala aşyrmagyň ileri tutulýan wezipeleri düzýär.

 

Türkmenistan döwletimiziň Garaşsyzlygyny, hemişelik Bitaraplygyny berkitmäge, mynasyp goşant goşmaga, döredijilikli zähmet çekmäge, ukyp-başarnygymyzy açmaga döredip berýän mümkinçilikleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, alyp barýan beýik işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

 

Şihi Göwher,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň mugallymy.