Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Somatoform bozulmalar we olaryň dartgynlylyk bilen baglanşygy ✦ ✦ “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” - durnukly we bagtyýar geljegiň kepili ✦ ✦ Nanotehnologiýalaryň lukmaçylykda ähmiýeti ✦ ✦ Bitaraplyk — Parahatçylygyň Binýady ✦ ✦ Magtymguly Pyragy – beýik akyldar ✦ ✦ Daşary ýurt Hukuk diplomlary üçin täze talaplar we üýtgeşmeler ✦ ✦ Türkmenistanyň saglyk ulgamynda sagaldyş-dikeldiş merkezleriniň orny ✦ ✦ Gahryman Arkadagyň eserleri ✦ ✦ Newroz - psihologiki durnuksyzlyk ýagdaýydyr. ✦ ✦ Ýylyň şygary mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Halk Maslahaty — agzybirligiň, adalatlylygyň nyşany
  12.09.2024
186
Halk Maslahaty — agzybirligiň, adalatlylygyň nyşany

Türkmen halky döwlet guranda atly-abraýly adamlary çagyryp geňeş edipdir. Döwleti Halk maslahaty esasynda dolandyrypdyr, her bir uly ähmiýetli meseläni halk bilen, il-gün bilen geňeşip kabul edipdir. Her bir işde halk bilen maslahatlaşmak parasatly pederlerimiziň asylly ýörelgeleriniň biridir. Döwlet ähmiýetli çözgütleri kabul etmäge raýatlarymyzyň hem işjeň gatnaşýandygyny aýratyn bellemeli. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan syýasatynyň tutuş many-mazmunyny özünde jemleýändigi babatda we döwletliligi berkitmegiň ähli jähetlerini hukuk taýdan kemala getirmekde, döwletiň we jemgyýetiň ösüşleriniň hemme tapgyrlaryny guramaçylyk-hukuk taýdan esaslandyrmakda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň möhüm ähmiýeti bardyr.

 

Türk­me­nis­ta­nyň Kons­ti­tu­si­ýa­sy­na la­ýyk­lyk­da hem-de umu­my­lyk­da yk­rar edi­len de­mok­ra­tik ýö­rel­ge­le­riň esa­syn­da, mil­le­tiň baý ta­ry­hy dur­mu­şy­na esas­la­nyp, tä­ze ta­ry­hy dö­wür­de Halk Mas­la­ha­ty dö­wür­le­riň we ne­sil­le­riň üz­nük­siz ara­bag­la­ny­şy­gy­ny, Ga­raş­syz, Bi­ta­rap döw­le­ti­mi­ziň ha­ky­ky halk hä­ki­mi­ýet­li­li­gi­niň ga­dym­dan göz­baş al­ýan däp­le­ri­ne, saý­la­nyp al­nan pa­ra­hat­çy­lyk we dö­re­di­ji­lik ýo­lu­na yg­rar­ly­ly­gy özün­de jem­le­ýär.

 

Mälim bolşy ýaly, ata Watanymyz ýyl-ýyldan ösüşlere beslenýär. Döwletiň mizemezligi, esasan, onuň demokratik, syýasy-hukuk esaslarynyň kämilligine, döwlet bilen halkyň arasyndaky jebislige baglydyr. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda täze özgertmeleriň amala aşyrylmagy Watanymyzy mundan beýläk-de gülläp ösdürmegiň ýene bir kepilidir.

 

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýokary derejede geçiriljek, il agzybirliginiň ýene-de bir subutnamasyna öwrüljek Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň üstünlikli, şowly geçmegini arzuw edýäris!

 

Bibihajar KERIMOWA,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň
mugallymy.