logo

Latest news:
✦ Garaşsyzlyk türkmen halkynyň baky bagty ✦ ✦ Türkmenistanyň wekilleri HWCA çäresine gatnaşdy ✦ ✦ «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi ✦ ✦ Taryhy öwrenmek — milli mirasa düşünmegiň möhüm şerti ✦ ✦ «Garaşsyzlyk — ganatym» bäsleşigi tamamlandy ✦ ✦ Türkmenistanyň teatr we sirkleri Garaşsyzlygyň 35 ýyllygyny belleýär ✦ ✦ E-kitap atly elektron kitaphanasy döredildi ✦ ✦ 14 ýaş aýdymçy “Ýaňlan, Diýarym!” üçin sahna çykdy ✦ ✦ Bir pursatlyk üns - bir ömri halas edip biler! ✦ ✦ Şähribossan Geldimämmedowa «Ykbal öwrüminde» ✦
Home / Culture /Guýrukly depe
  27.08.2020
1120
Guýrukly depe

         Bu ýadygärlik Sarahs şäherinden 10 km. demirgazykda ýerleşýär. Ýadygärlik III - VIII asyrlara degişlidir. Soňky ýyllarda orta asyryň döwründäki Halbarzan obasynyň ýerleşen ýeri alymlar tarapyndan anyklanyldy. Olaryň kesgitlemegine görä, obanyň ýerleşýän ýeri häzirki Guýrukly depäniň töweregi bolmaly. Halbarzan obasynyň parfiýalylar döwründe düýbi tutulypdyr diýlen çaklama bar. Ol ýerde ýaşaýyş sasanylar döwleti döwründe hem dowam edipdir. Şol wagtlar Guýrukly depe kiçiräk gala bolup, obanyň ilaty şonda ýaşapdyr. Sarahs oazisini VII asyryň ortalarynda araplar basyp alandan soň, galada ýaşaýyş kesilipdir.

    Ýadygärlik 1965-1970-nji ýyllarda Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň Taryh institutynyň alymy Ö.Orazowyň  arheologik ekspedisiýasy  tarapyndan öwrenildi.

        Guýrukly depe Guýrukly şäher ýadygärliginiň (Halbarzan obasynyň) demirgazyk böleginde ýerleşen parfiýa we sasanylar döwrüne degişli ölçegi 130х160 m. bolan köşkdir. Onuň günorta burçunda haýsydyr bir uly desganyň galyndysy bar. Beýikligi 12,61 m. bolup, girelgesi günbatar tarapynda. Depäniň bir tarapy peselip, seredilende guýruk ýaly bolup görünýär. Şol sebäpli ýerli ilat oňa Guýrukly depe diýip atlandyrýar.

         Ýadygärlikde 2010-njy ýyldan başlap bilelikdäki Türkmen-Polýak arheologik ekspedisiýasy tarapyndan gazuw-agtaryş işleri geçirilýär. Bu işler geçirilýän wagtynda pagsadan we çig kerpiçden gurlan diwarlaryň üsti açyldy, birnäçe sasanylar döwrüne degişli birnäçe tapyndylar tapyldy. Olaryň arasynda uly ölçegde azyk saklanan humuň 3-si, mis teňňeler, palçykdan ýasalyp bişirien heýkeljikler, küýze bölekleri, hindi budasynyň şekili salnan keramikadan ýasalan galyp we şuňa meňzeş tapyndylar goraghananyň gaznasynda saklanylýar.