Türkmenistanda gurluşyk we senagat toplumlarynyň işgärleriniň güni mynasybetli geçiriljek halkara sergi we konferensiýa 3-nji noýabrda ilkinji gezek gurnamak meýilleşdirilýär. Çäräniň dowamynda dürli ýurtlardan gatnaşýanlar gurluşyk we senagatda täze tehnologiýalar, innowasiýalar barada pikir alyşarlar.
Şeýle hem, Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabynda kuwwaty 10 megawatt bolan köpugurly Gün we ýel elektrik stansiýasynyň açylyş dabarasy üçin taýýarlyk görülýär. Bu täze stansiýa uzakda ýerleşýän zolaklaryň energiýa üpjünçiligini ýokarlandyrar. Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda bolsa “Bäherden” keramiki önümler kärhanasynyň dabaraly açylyşy geçiriler. Bu täze kärhana her ýyl 3,3 million metr kwadrat keramiki plitalary we 120 müň sany sanfaýans önümlerini öndürer.
Täze elektrik stansiýasy we zawod häzirki zaman enjamlary bilen enjamlaşdyrylar. “Bäherden” kärhanasynyň çig mal bilen üpjün edijisi “Türkmenkaolin” bolar, taslama bolsa “Eziz doganlar” hojalyk jemgyýeti tarapyndan durmuşa geçirilýär.
Çeşme: Türkmenistan habarlar portaly
Garaýew Daýanç
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyby