Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Somatoform bozulmalar we olaryň dartgynlylyk bilen baglanşygy ✦ ✦ “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” - durnukly we bagtyýar geljegiň kepili ✦ ✦ Nanotehnologiýalaryň lukmaçylykda ähmiýeti ✦ ✦ Bitaraplyk — Parahatçylygyň Binýady ✦ ✦ Magtymguly Pyragy – beýik akyldar ✦ ✦ Daşary ýurt Hukuk diplomlary üçin täze talaplar we üýtgeşmeler ✦ ✦ Türkmenistanyň saglyk ulgamynda sagaldyş-dikeldiş merkezleriniň orny ✦ ✦ Gahryman Arkadagyň eserleri ✦ ✦ Newroz - psihologiki durnuksyzlyk ýagdaýydyr. ✦ ✦ Ýylyň şygary mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi ✦
Baş sahypa / Ykdysadyýet /Gün energiýasyndan peýdalanmagyň mümkinçilikleri
  18.05.2024
474
Gün energiýasyndan peýdalanmagyň mümkinçilikleri

Gün panel - bu ulgam günden gelýän ýagtylyk energiýasyndan gün batareýalarynyň kömegi bilen optimal, elektrik energiýasyny almaga niýetlenendir. Gün şöhleleri gün batareýasyna düşen wagty onuň energiýa öndürijilik ukyby beýleki ýagdaýlara seredeniňde has işjeň bolup durýar. Onuň üçin gün paneliniň  gündiziň islendik wagty Güne perpendikulýar ýagdaýda saklanmagyny üpjün etmeli. Ony amala aşyrmak üçin Günüň hereketini yzarlaýan, ýagny, “Iki ok boýunça Gün energiýasynyň intensiw akymynyň düşýän burçyna awtomatlaşdyrylan sazlanýan ulgamy” işlenip düzüldi.

 

Güni yzarlaýjy ulgamyň ulanylmagyň netijeliligi. Bu awtomatiki gurluş iki taraplaýyn dikligine we keseligine hereket edip, Güne göra öz üstüni perpendikulýar ýagdaýda saklaýar. Keseligine we dikligine hereketi ýörite gurnalan hereketlendirijileriň üsti bilen amala aşyrylýar. Bu ulgam özüniň yzarlama häsiýetini işjeň ýagdaýda alyp barýar we energiýa mukdaryny ýokary derejede artdyryp almak üçin hereketini özgerdýär. 

 

Gün energiýasynyň daşky gurşawymyz üçin amatly çözgütleriň biridir. Gün energiýasy gazylyp alynýan ýangyçlara bolan garaşlylygy azaltmak, çäkli çeşmeleriň üstündäki ýüki ýeňilleşdirmek we planetany sagdyn saklamak ýaly artykmaçlyklary bardyr. Emma gün energiýasy ulanylanda göz öňünde tutmaly köp zat bar. Işewürlere gün energiýasynyň peýdalary we tebigy kemçilikleri bilen tanyşmak, gün energiýasy barada has köp zat öwrenmäge kömek eder.

 

Gün energiýasy Türkmenistan ýaly gün şöhlesi köp bolan ýurtda üznüksiz, durnukly, ygtybarly we arassa elektrik üpjünçiligi üçin iň oňat çözgütleriň biridir. Gün energiýasy esasan hem Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine hyzmatlaryň hilini güýçlendirmäge kömek eder. Mundan başga-da, taslama saglygy goraýyş ulgamynda innowasion tehnologiýalaryny ornaşdyrmaga, şeýle hem Türkmenistanyň Klimatyň üýtgemegi boýunça Milli strategiýasyna laýyklykda alternatiw energiýa çeşmelerini we howanyň durnuklylygyny ösdürmäge mümkinçilik berýär.

 

Merdan AKMUHAMMEDOW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň Sanly ykdysadyýet we
dolandyryş fakultetiniň uly mugallymy.