Dünýä edebiýatynda belli bolan, birnäçe filmleriň hem-de multfilmleriň esasyny düzen ajaýyp bir eser «Gulliweriň syýahaty» atly eser bolup, onuň awtory bolsa Jonatan Swiftdir. Ýazyjynyň dünýä belli bu eseri hat-da häzirki wagtda hem okyjylar hem-de tomaşaçylary asla özüne çekiji bir güýç ýaly täsin başdan geçirmeleri özünde jemleýär. Şeýlelikde bu eseriň taryhy bilen tanyş bolmak hem ýakymlydyr.
1726-njy ýylyň oktýabr aýynyň ahyrynda beýik iňlis ýazyjysy Jonatan Swiftiň «Gulliweriň syýahatlary» romany neşir edilende, kitap okamagy gowy görýän ähli adamlar, çagalar bu romany höwes bilen okapdyrlar. Şeýlelikde eser meşhurlygyny gazanmaga başlan wagty haýsydyr bir täze eseriň ýüze çykyp, ol eseri basmagyna getirjek bolan ýagdaýynda hem okyjylar bu eseri örän eý görüp, hat-da şol döwürlerde hem onuň ilkinjiligini saklapdyrlar. Sebäbi ondan öňem syýahatlar barada birnäçe romanlar ýazylanam bolsa, bu kitapdaky kapitan, gämi lukmany Gulliweriň baran täsin ýurtlary, onuň gören‑eşiden zatlary şondan öň hiç bir eserde beýan edilmändir.
Gulliweriň aýagyna dyrmaşyp çykýan kiçijik adamlar, oýnawaç ýaly kiçijik goýunlar, sygyrlar, uçup gezýän ada, gepleýän atlar, maýmyna meňzeş adamlar her bir okyjyny özüne çekipdir, şeýle zatlaryň bolup biläýjegi barada berk ynam döredipdir. Sebäbi ussat ýazyjy romanda ähli wakalary, adamlary, olary gurşaýan zatlary örän ynandyryjylykly çintgäp beýan edýär. Onuň üstesine-de Gulliwer örän batyr we adamkärçilikli, rehimdar adam. Ol her bir baran ýurdundaky adamlaryň dilini öwrenjek bolýar. Sebäbi onuň bar maksady dünýäniň täsin hadysalaryny we ajaýyplyklaryny öwrenmek bolup durýar. Gulliwer syýahat etmegi gowy görýär. Şonuň üçin ol heniz mekdepde okaýan wagtlary kakasynyň iberýän pullarynyň hemmesini diýen ýaly deňiz kartalaryny we çet ýurtlar hakyndaky kitaplary almaga harç edipdir. Ol geografiýany hem matematikany jan edip öwrenipdir, çünki bu ylymlar deňizçiler üçin örän zerur bolupdyr.
Käri boýunça lukman, soňra birnäçe gämileriň kapitany bolan Gulliwer dört gezek dürli ýurtlara syýahat edýär. Gulliweriň başdan geçirmeleri eser esasynda dünýäde birnäçe multiseriallaryň, filmleriň döredilmegi awtora diýseň uly şöhrat getirýär. Aýratynam çagalary we ýaş nesli terbiýelemek meselesi bu romanda Gulliwer liliputlaryň ýurduna baranda-da, äpetleriň ýurdunda bolanda-da jikme-jik beýan edilýär. Bu ýurtda-da Gulliwer örän täsin zatlary görýär. Aýratynam ol bu ýurduň ylymly-bilimli, medeniýetli we parasatly korolyna uly hormat goýýar. Bu ajaýyp eser häzirki bu güne çenli dünýä okyjylarynyň iň söýgüli eseri bolup, ol hat-da türkmen diline hem terjime edilendir.
Kakajan BOPPYÝEW,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň mugallymy.