Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmenistan TÜRKSOÝ-yň maslahatyna gatnaşdy ✦ ✦ “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda zenanlaryň jemgyýetdäki ornuna bagyşlanan halkara maslahat geçirildi ✦ ✦ “Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny: Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek” atly halkara maslahat öz işine başlady ✦ ✦ Parahatçylyk we ynanyşmak Bitaraplygymyzyň aýdyň ýoly ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiziň täze kitaby neşir edildi ✦ ✦ Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli 230-dan gowrak raýatyň günäsi geçildi ✦ ✦ Amarant ösümligi we onuň peýdasy ✦ ✦ “Bitaraplyk – parahatçylyk mukamy” atly dabaraly konsert geçirildi ✦ ✦ Ýokary tizlikli internet infrastrukturasynyň ösdürilmegi we telekommunikasiýa ulgamynyň netijeliligi ✦ ✦ Hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli 11–13 dekabr günleri dynç günleri diýip yglan edildi ✦
Baş sahypa / Sport /Gülleýär Watanym, ösýär sporty!
  10.04.2023
589
Gülleýär Watanym, ösýär sporty!

Bagtyýar zamanada Türkmenistan ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmek, raýatlarymyzyň, aýratyn hem bagtyýar ýaş nesilleriň bedenterbiýe hem-de sport bilen yzygiderli meşgullanmagyny gazanmak boýunça giň gerimli işler ýola goýulýar. Kabul edilen «Saglyk» Döwlet maksatnamasy, beýleki degişli maksatnamalaryň çäklerinde saglyk we sport düzümlerini döwrebaplaşdyrmak boýunça iri taslamalar durmuşa geçirilýär. Ähli sebitlerde täze enjamlar, öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen döwrebap saglygy goraýyş edaralary, sport desgalary, ýöriteleşdirilen sport merkezleri gurulýar we döwrebaplaşdyrylýar. Häzirki döwürde tutuş dünýä ýüzünde ählumumy durnukly ösüşiň möhüm şerti hökmünde bu ugra berilýän üns ýokarlanýar. Ýurdumyzda köpçülikleýin welosipedli ýörişleri, ählihalk bag ekmek dabaralaryny geçirmek asylly däbe öwrüldi. Häzirki wagtda has hem meşhurlygy artýan welosiped sürmeklik ekologiýa taýdan hem amatly bolup, bedeni berkitmäge ýardam edýär. Jemgyýetiň ekologiýa medeniýetini kemala getirmäge gönükdirilen bu ajaýyp däpler halkymyzyň uly goldawyna eýe boldy. Şeýle hem her ýylyň 3-nji iýunyny Bütindünýä welosiped güni diýip yglan etmek, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 76-njy sessiýasynyň mejlisinde ýurdumyzyň teklibi boýunça «Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek» atly Kararnama biragyzdan kabul edilmegi buýsandyryjydyr. Türkmenistanda hem welosiped sportunyň uzakdan gözbaş alýan taryhynyň bardygy bellärliklidir. Bu taryh 1894-nji ýylda Aşgabatda ilkinji welosipedçiler jemgyýetiniň döredilmeginden gözbaş alýar. Häzirki döwürde sportuň bu görnüşi ýurdumyzda has hem täze ösüşe eýe boldy. Sport ulgamynda täzeçil döwlet strategiýasynyň başy başlanyp, bedenterbiýe we sport bilen işjeň meşgullanmagyň gerimi giňeýär. Bu ugurda Gahryman Arkadagymyzyň şahsy göreldesi biz üçin nusgalyk ýoldur. Peder ýoluny dowamat dowam eýleýän Arkadagly Serdarymyz hem köpçülikleýin bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga uly üns berýär. Sport bilen meşgullanmak adamyň beden we ruhy ýagdaýyna oňaýly täsir etmek bilen birlikde, zähmetsöýerlik, ruhubelentlik, maksada okgunlylyk, düzgün-nyzamlylyk ýaly häsiýetleri ýüze çykarmaga ýardam edýär. Şunda nesilleriň dowamatlylygy öz aýdyň beýanyny tapýar. Ýurdumyzda ösüp gelýän nesil üçin toplumlaýyn bilim almak, özleriniň zehinlerini we ukyplaryny görkezmek, sport hem-de döredijilik bilen meşgullanmak babatda ähli şertler döredilendir. Ýaş nesilleriň saglygyny berkitmek meseleleri ýurdumyzda ileri tutulýan ugur bolup durýar. Geçirilýän sport çäreleri sagaldyş we terbiýeçilik, ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek, daşky gurşawy goramak ýaly ugurlarda möhüm orny eýeleýär. Çünki tämiz howa, ajaýyp tebigat, amatly daşky gurşaw, ekologiýa abadançylygy we sagdynlyk ýaly düşünjeler biri-biri bilen berk baglanyşyklydyr. 

 

Maral NURYÝEWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.