Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmeniň goşa ganaty ✦ ✦ Ýaşlar baýragy ― ýaşlygyň serpaýy ✦ ✦ Türkmen-özbek medeni gatnaşyklarynda täze sahypa ✦ ✦ Ýaşlar syýasaty — beýik ösüşleriň badalgasy ✦ ✦ Binagärlikde milliligiň we gözelligiň sazlaşygy ✦ ✦ Aşgabatda "DevFest 2024" tehnologiýa festiwaly geçirilýär! ✦ ✦ II Türkmen — Özbek forumynda täze ylalaşyklar gazanyldy ✦ ✦ Türkmenistan Hytaýyň hakara söwda sergisine gatnaşmaga çagyryldy ✦ ✦ Aýdym-saz ynsanyň göwün syrdaşy ✦ ✦ Ylym-bilim – ösüşiň kämil çeşmesi: ýaş nesillere ylym-bilim bermegiň täze usullary ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Gözelligiň nusgasy sen Aşgabat
  21.12.2020
649
Gözelligiň nusgasy sen Aşgabat

       Gündogordan günbatara gaýdýan ýoluň ugrynda Köpetdagy etekläp otyran bir şäher bar. Birnäçe menzil uzaklardan görünýän şäher edil bir bölek bulut ýaly aklygy bilen  ýere gaçan ýaly bolup dur. Anha şol aklyk bolup görünýän mekan Aşgabat şäheri. Aşgabat şäheri bütün dünýäde mermer şäher diýip tanalýar. Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilen “Türkmenistan” teleradioýaýlymlar merkeziniň diňi, “Älem” medeni dynç alyş merkezi we beýleki gözel ymaratlar binagärlik sungatymyzyň naýbaşy binalary bolup durýar. Türkmenistana myhman bolan jahankeşdeler aglabasy“Aşgabat şäheriniň özboluşly aýratynlygy, gözelligi mende aýratyn täsir galdyrdy. Günleriň güni men ýenede şu şähere gelmäni şu gözellikleri gaýtadan synlap lezzet almany özüme maksat edinýän”-diýip ulu buýsanç bilen aýdýarlar. Hawwa Aşgabat şähermizi görenler ýenede görmäniň, görmedikleri görmegiň arzuwynda. Günsaýyn sagat saýyn ösüşlere beslenýän ýurdymyzda Aşgabat şäheri gözelligiň iň kämil derejesine eýe boldy. Ýollardaky, ýodalardaky älemgoşar kysymly güljagazlar, al-elwan öwüsýän baglaryň hatary Aşgabat şähermiziň tebigy görküniň birje bölegidir. Ýol ugrynda, seýilgählerde ýerleşdirlen suw çüwdürimleri özboluşly gözelligi emele getirip, ýerden bat alyp asmana sary okdurylsada ýene gözbaşyna dolanmasy, ýörjen –ýörjen çaganyň  enesiniň gujagna dolanşy ýaly ajaýyp duýgular bilen göwnüňi göterýär. Ýadawlykdan saplaýar. Şonuň üçinem heran-haçan synlasaň suw çüwdirimleriniň töwereginde gezim etýän ene-atalar çagalara duş gelmek bolýar. Başy asamana sary uzap gitýän belent-belent  jaýlar mermer daşlara bürenip hatar-hatar uzap gitýär. Olaryň islendigine nazar aýlasaň, ýüregiňde buýsanç duýgusy oýanýar.  Köpetdagyň özi ýaly sarsman otyran binalar milli gymmatlyklarymyz bolan nagyşlar, suratlar bilen bezelmegi aýratyn owadanlygy emele getirýär. Ynha ähli gözellikler jemlän Aşgabat şäheri Köpetdagy etekläp gijelerne aýratyn görnüşe girýär. Ýol ugra düzülen dürli-dürli yşyklar asman ýyldyzlaryna bäs edýär. Eger biz Aşgabat şäheriniň gözelligini söz bilen wasp etmeli bolsak onda entäk–entäk kän gepleriň başyny agyrtmaly bolarys.

Ýurdumyzyň ähli çäklerinde ýaşaýan watandaşlarmyzyň şeýle ajaýyp şähermiziň barlygyna buýsanýanlygyny açyk aýdyň aýtsa bolar.Watanmyzyň ýüregi hasaplanýan Aşgabat şäheri diňe bir ullakan adamlaryň dälhatda kiçijek çagalaryňam üns merkezinden düşmeýär. Häzirki wagta Paýtagtymyz Aşgabatda gurulýan binalaryň sany gün-günden artýar. Olardan ‘’Bagabat” şypahanasy diýseň biz ýalňyşmarys. Ondan başga-da Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Yzgant obasynda gurlup ulanylmaga berilen ýokanç keselleriň hassahanasy muňa mysal bolup biler.

Ýurdumyzyň dürli künjünde , dürli ugurlarda zähmet çekýän adamlaryň talyplyk  ýyllarynyň ýatlamasyny Merjen şähermiz hamrak ene kimin öz gujagynda saklap otyr. Ençeme süýji duýgularyň şaýady bolan mekana Aşyklaryň şäheri hem diýilýär.Taryhda-da at owazasy dünýä dolan ýurtlara her ýurt öz ýanyndan at berer ekenler. Şeýlelik bilen şol bir ýurdyň birnäçe ady bolupdyr. Taryhy aadatlara eýerilip  Merjen şäher, Aşyklar şäheri, Paýtgat şäher... ýaly birnäçe atlar bilen tanalýan Aşgabat şäherimiz toý lybasyna beslenipdir. Her ýylyň maý aýynyň 25-ne Aşgabat şäheriniň güni bellenilip geçilýär. Waspy dilden-dile dolan Aşgabat şäherimiz gözelliň nusgasy bolup bütin dünýä ýüzine aklyk bolup ýalkym saçsyn!