logo

Soňky täzelikler:
✦ Hormatly Prezidentimiz güýzki ählihalk bag ekmek möwsümine badalga berdi ✦ ✦ Söz baýlygy aýdyň pikiriň açary ✦ ✦ “Aşgabat – Daşoguz” awtomobil ýoluny gurmak barada şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi ✦ ✦ Türkmen önümleri Şanhaýdaky halkara sergide tanyşdyrylýar ✦ ✦ Türkmenistanyň Prezidentiniň Gazagystana iş sapary tamamlandy ✦ ✦ «Ykbal öwrümi»: Dursun Tekäýewa bilen täsirli söhbetdeşlik ✦ ✦ Aýdym-sazly okuw maslahaty geçirildi ✦ ✦ Adam hakdaky alada ✦ ✦ Sanly gurşawyň ähmiýeti ✦ ✦ Biodürlüligiň goragynda ✦
Baş sahypa / Ykdysadyýet /Gowşuthan gala
  04.09.2020
1227
Gowşuthan gala

       Gala ХIХ asyryň 40-njy ýyllaryna degişli bolup, ol Sarahs şäherinden 13,5 km. demirgazyk-günbatarda Tejen (Gerarud) derýasynyň sag kenarynda ýerleşýär. ХIХ asyryň 40-njy ýyllarynda Tejenden gaýdan türkmenler çöllüge öwrülen oazise gelip, ýumrulan şäheriň harabalygyna el urman özleriniň merkezi galasyny Gowşuthan galasyny salypdyrlar. 1857-nji ýylda bu işlere Gowşut han ýolbaşçylyk edipdir. Rus goşunlarynyň serkerdesi Maksud Alihanow düşündirişli ýazgysynda şeýle ýazylypdyr: „Merwe barýan ýol derýanyň sag kenary bilen gidip, güzerden 4 werstlikde (werstlik 1,06 km. deň bolan uzaklyk) Gowşut han galasynyň harabalygyna girýär. Galanyň gorag haýatlary birnäçe dörtburçluk ölçegi öz içine alýar, berkitmäniň günorta tarapy derýanyň kert kenarlaryndan durýar. Bu gala 30 müň öýli Gowşut hanyň nökerleriniň daýanç ýeri bolupdyr”.

      Gala pagsadan salnan diwarlar bilen goralan, tutýan meýdany 33 ga. bolan uly giňişlikden durýar. Käbir ýerlerinde diňleriň galyndysy saklanyp galypdyr.