Türkmenistan Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramynyň yzýanynda, «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň zähmet toparlary uly üstünlik gazandylar. Goturdepe buraw işleri müdirligi Uzynada we Demirgazyk Goturdepe känlerinde iki sany ulanyş maksatly guýynyň gazuw işlerini üstünlikli tamamlady. Bu guýulardan «gara altyn» we gaz kondensaty alyndy.
Uzynada känindäki guýy 6800 metr çuňlukda ýerleşip, 6652-6659 metr aralygyndan gaz kondensatynyň senagat akymy alyndy. Bu önümli guýy «Gumdagnebit» nebitgaz çykaryş müdirligine tabşyryldy we häzirki wagtda günde 85 müň kub metr tebigy gaz hem-de 73 tonna kondensat öndürýär.
Demirgazyk Goturdepe känindäki guýy bolsa 4870 metr çuňlukda ýerleşip, 4536-4539 we 4564-4569 metr aralygyndan nebit akymy alyndy. Bu guýy tehniki-sazlaýyş işlerinden soň «Goturdepenebit» nebitgaz çykaryş müdirligine tabşyryldy.
Mundan başga-da, şu sebitde täze nebit ýataklarynyň bardygy anyklanyldy we geljekde bu ýataklarda täze gazuw işleriniň geçirilmegi meýilleşdirilýär.
Aýjeren Öwlýakulyýewa,
Türkmen oba hojalyk institutynyň
1-nji ýyl talyby.