Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Somatoform bozulmalar we olaryň dartgynlylyk bilen baglanşygy ✦ ✦ “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” - durnukly we bagtyýar geljegiň kepili ✦ ✦ Nanotehnologiýalaryň lukmaçylykda ähmiýeti ✦ ✦ Bitaraplyk — Parahatçylygyň Binýady ✦ ✦ Magtymguly Pyragy – beýik akyldar ✦ ✦ Daşary ýurt Hukuk diplomlary üçin täze talaplar we üýtgeşmeler ✦ ✦ Türkmenistanyň saglyk ulgamynda sagaldyş-dikeldiş merkezleriniň orny ✦ ✦ Gahryman Arkadagyň eserleri ✦ ✦ Newroz - psihologiki durnuksyzlyk ýagdaýydyr. ✦ ✦ Ýylyň şygary mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi ✦
Baş sahypa / Şygryýet /Goşa mukaddeslige guwanç
  11.05.2024
285
Goşa mukaddeslige guwanç

Asmanymyz ak guşlaryň mesgeni,

Ata ýurdum Garaşsyz hem Bitarap.

Ýaňlanýan dur aýdym-sazyň sesleri,

Ata ýurdum Garaşsyz hem Bitarap.

 

Jahana ýaň salýar “Bitarap” adyň,

Öňe ynam bilen basýarsyň ädim,

Barha doganlaşýar ýakynyň, ýadyň,

Ata ýurdum Garaşsyz hem Bitarap.

 

Ýaşyl tugum bezeg berýär depäme,

Ýol açyk işlejek, gurjak okana,

Waspyň sygmaz dessanlara, mukama,

Ata ýurdum Garaşsyz hem Bitarap.

 

Arkadagym açdy alnyňy, bagty,

Geçmişiň şöhratly, geljegiň ýagty,

Üstüňe alkyşlar nur bolup ýagdy,

Ata ýurdum Garaşsyz hem Bitarap.

 

Aýnur Hudaýbergenowa,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň II ýyl talyby.