Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmenistan TÜRKSOÝ-yň maslahatyna gatnaşdy ✦ ✦ “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda zenanlaryň jemgyýetdäki ornuna bagyşlanan halkara maslahat geçirildi ✦ ✦ “Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny: Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek” atly halkara maslahat öz işine başlady ✦ ✦ Parahatçylyk we ynanyşmak Bitaraplygymyzyň aýdyň ýoly ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiziň täze kitaby neşir edildi ✦ ✦ Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli 230-dan gowrak raýatyň günäsi geçildi ✦ ✦ Amarant ösümligi we onuň peýdasy ✦ ✦ “Bitaraplyk – parahatçylyk mukamy” atly dabaraly konsert geçirildi ✦ ✦ Ýokary tizlikli internet infrastrukturasynyň ösdürilmegi we telekommunikasiýa ulgamynyň netijeliligi ✦ ✦ Hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli 11–13 dekabr günleri dynç günleri diýip yglan edildi ✦
Baş sahypa / Sport /Golf oýny hakynda...
  21.04.2022
1081
Golf oýny hakynda...

  1. Golf boýunça ilkinji ýaryş 1860-njy ýylda Şotlandiýada geçirildi.
  2. Häzirkizaman golf oýny XV asyrda Şotlandiýada döräpdir. 1457-nji ýylda bu ýerde patyşa permany bilen golf oýny gadagan edilýär.
  3. Golf oýny dünýä ýüzünde özüniň meşhurlygy boýunça ikinji orunda durýan sport görnüşidir.
  4. 1971-nji ýylda belli astronawt A.Şepard Aýda ilkinji golf urgusyny amala aşyrdy.
  5. Golf oýny 2016-njy ýylda Braziliýanyň Rio-de-Žaneýro şäherinde geçirilen tomusky Olimpiýa oýunlarynyň hataryna girizildi.
  6. Meşhur oýun Aziýa dünýä bölegine 1829-njy ýylda Hindistanda açylan ilkinji golf kluby arkaly aralaşdy, 2009-njy ýylda bolsa Aziýa golf senagaty federasiýasy döredildi.
  7. Golf oýnunyň düzgünleri 1744-nji ýylyň mart aýynda işlenip düzüldi.
  8. Maglumatlara görä, golf syýahatçylygy ýokary derejede ösmek bilen, onuň möçberi 1 milliard dollardan gowrak bolup durýar.
  9. Belli bolşy ýaly, golf oýnunda emin bolmaýar. Bu bolsa oýunda garşydaşyňa adalatly, adamkärçilikli, dogruçyl çemeleşmekligi talap edýär. Munuň özi esasan hem ýaş çagalar üçin möhüm bolup, olarda şeýle gowy häsiýetleri kemala getirýär.
  10. Çeýeligi, ugurtapyjylygy we çydamlylygy öwredýän golf oýny ýylyň islendik paslynda hem meşgullanmaga amatlydyr.
  11. ABŞ-da kabul edilen golf boýunça maksatnamanyň çäklerinde onuň agzalarynyň 73 göteriminiň bellemegine görä, bu oýun adamda özüňe bolan ynamy artdyryp, bilim derejesiniň, ýetişiginiň ýokarlanmagyna täsir edýär.
  12. Golf oýny düşbüligi hem-de pikirleniş ukybyňy ösdürmäge hem ýardam edýär, durmuş ýoluňy saýlamakda hem ýeňillik döredýär.
  13. Golf oýny daş-töweregimizi gurşap alýan gözel tebigat bilen ýakyn aragatnaşyk saklamakdyr, arassa, tämiz howada şähdiňi açmakdyr.
  14. Golf – bu maşgala oýny hem bolup, maşgala agzalaryň bilen täsirli we şadyýan wagt geçirmekdir hem-de olar bilen işjeň gatnaşygy ýola goýmakdyr.
  15. Häzirki döwürde dünýäniň dürli künjeklerinde 50 milliondan gowrak adam bu oýun bilen meşgullanýar.
  16. Sportuň beýleki görnüşleri bilen deňeşdirilende, golf üçin niýetlenen meýdançalar ölçegi, ýerleşişi, bezegi bilen tapawutlanýar. Ondaky päsgelçilikleriň ýerleşýän ýeri örän oýlanyşykly gurulýar. Dürli meýdançada düzgün boýunça 18 çukurjygyň bolmagy bolsa onuň umumy meňzeşligidir. 
  17. Golf oýnunda azyndan 6-7 km çenli ýol geçilip, bu bolsa saglygyňy saklamaga, bedeniňi berkitmäge ýardam edýär.

Wepa Halymow,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy