Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Gözlegçiler süýdemdirijileriň beýnisiniň ösüşini görkezýän 3D atlas döretdi ✦ ✦ Türkmenistanyň hünär biliminiň ösüşinde DARYA maksatnamasynyň orny ✦ ✦ Türkmen tennisçileri halkara ýaryşda baýrakly orunlary eýelediler ✦ ✦ Bitaraplygyň buýsanjy ✦ ✦ Лучший студент тюркских народов –Давуд Довлетов ✦ ✦ Türki halklaryň iň gowy talyby – Dawut Döwletow ✦ ✦ Türkmenistanyň ykdysady diplomatiýasynyň ösüşi ✦ ✦ Türkmenistanda dil bilimini ösdürmek üçin täze kitap ✦ ✦ Täze dil gollanmasy okyjylara ýetirildi ✦ ✦ Kiberhowpsuzlyk:Sanly serhedi goramak ✦
Baş sahypa / Medeniýet /“Gilgameş” spektaklynyň ilkinji gezek görkezilişi boldy
  15.05.2024
316
“Gilgameş” spektaklynyň ilkinji gezek görkezilişi boldy

Balkan welaýatynyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky döwlet drama teatrynda “Gilgameş” atly spektraklyň ilkinji gezek görkezilişi boldy. Spektaklyň baş režissýory Öwezmämmet Galandarowdyr.

Spektakl dramaturg Oguljennet Bäşimowanyň pýesasy esasynda sahnalaşdyryldy. TÜRKSOÝ halkara guramasy tarapyndan Änew şäheriniň «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmeginiň şanyna bagyşlanan bu spektakl, teatr tomaşaçylary tarapyndan gyzgyn garşylandy. Beýleki taryhy spektakllardan esasy tapawudy, bu sahna oýny adamzadyň medeniýetiniň irki döwürleriniň wakalaryny öz içine alýar.

Ýeri gelende bellesek, spektaklda baş gahryman Gilgameşiň keşbini Rejep Nazgurbanow ýerine ýetirdi. Baş gahryman sahna eseriniň dowamyndaky wakalarda hem beýan edilişi ýaly bakylygy gözleýär. Onuň ahyrynda-da bakylygyň bütin adamzada, Watana, halka bagyşlanan ýagşy işleridigine göz ýetirýär. “Gilgameş” spektaklynda Engidunyň keşbini Myratberdi Sätiýew, Ninsunyň keşbini Annasoltan Berdiýewa, Iştaryň keşbini Laçyn Nuryýewa hem-de Gülnur Hajymämmedowa, Udnapuştuň keşbini Gurbanmämmet Anjykow, Fehişeniň keşbini Amansoltan Nepesowa, Urşanabiň keşbini-de Hydyrberdi Hydyrow ýaly artistler ýerine ýetirdiler. Şonuň ýaly-da artistler Ýakup Öwezow, Arslan Mämmetgulyýew, Parahat Elýasow dagylar spektakldaky kömekçi gahrymanlaryň roluny ýerine ýetirdiler. Spektakldaky sahna we egin-eşik bezeg işleri  Kuwwat Mämmetnepesow tarapyndan amala aşyryldy.

Altyn asyr Türkmenistan habarlar gullugynyň habar bermegine görä, täze spektaklyň režissýory Öwezmämmet Galandarow işleri barada şeýle gürrüň berdi:

“Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz özüniň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze kitabynda: «Şumerleriň Asman taňrysyny «Anau» diýip atlandyrandygyndan ugur alyp, «Änew» adynyň hem şu sözden gelip çykandygy baradaky pikirlerini beýan edýär. Şonuň ýaly-da hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gymmatly kitabynda: «Dünýä alymlarynyň, aýratyn-da şumerologlaryň ylmy barlaglarynyň netijeleri Änew bilen şumer medeniýetiniň umumylyklaryny açýar. 

Özi hem mysal getirilýän pikirler ylmy taýdan esaslandyrylyp aýdylýar. Bu ugurda taryh, etnografiýa, dil we edebiýat ylymlary bilen baglanşyklylykda edilen işler hem bar. Mesopotamiýany Türkmenistan bilen birleşdirýän delil meni örän gyzyklandyrdy. Ýazuwly taryhyň başlangyjy bolan şumer medeniýeti-de Änew medeniýetiniň özboluşly dowamy bolupdyr diýmäge ynandyryjy esaslaryň bardygyny bellemek gerek» diýip, ýerlikli belläp geçýär. Bellenilişi ýaly, ilkinji hat-ýazuw medeniýeti şumerlerde döräpdir. Onuň döremegine irki döwürlerde söwda-medeni gatnaşyklar sebäp bolupdyr. Änewlileriň Mesopotamiýadaky gadymy şumerleriň medeniýete ýetiren täsirem alymlaryň subut eden hakykaty bolup durýar.

Bu barada türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow «Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda hem giňişleýin nygtaýar. Şumerleriň hat-ýazuwlaryndaky şekilleriň häli-häzire çenli biziň halylarymyzdaky, keşdelerimizdäki nagyşlarda saklanyp galmagam medeniýetleriň arasyndaky özara baglanyşygy tassyklaýar. Adamzadyň taryhyndaky ilkinji dessan hasaplanylýan «Gilgameş» eserinden gözbaş alýan biziň täze goýan taryhy spektaklymyz tomaşaçylarymyzyň göwünlerine ýarap, uly täsirleri galdyrar diýen ynamymyz bar.”