Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti gidrofob kerpiçleri öndürmek üçin innowasiýa tehnologiýasyny işläp taýýarlady. Bu barada sişenbe güni “Neýtralnyý Türkmenistan” gazetinde habar berildi.
Suw geçirmeýän kerpiçler suw howdanlarynyň ýanynda, ýokary çyglylyk şertlerinde we ýerasty suwlaryň täsirinden zyýan ýetip biljek ýerlerde gurluşyk üçin peýdalydyr. Türkmen alymlary energetika, sement önümçiligi we keramiki bölekleriň galyndylary bilen işläp, az serişdeleri talap edýän tehnologiýany döretmekde üstünlik gazandylar. Çig malyň 85-92 göterimi önümçilik galyndylaryndan ybaratdyr.
Bu täze tehnologiýanyň esasy aýratynlygy, ýakma usulynyň ulanylmaýandyr. Bu, ýangyjy tygşytlamaga we daşky gurşawy az derejede hapalamaga kömek edýär. Kerpiç, döwülmäge sebäp bolýan boş öýjükleri aradan aýyrmak üçin ýokary basyş usuly arkaly döredilýär.
Taýýar kerpiç suw geçirmezligi, ýokary berkligi we ýeňil agramy bilen tapawutlanýar. Bu gurluşyk materialynyň täjirçilik maksady bilen uly geljegi bar we onuň öndürilmegi üçin Türkmenistan gerekli serişdeleri eýeleýär. Ekologiýa taýdan arassalygy we ýokary hil derejeleri bilen aýratynlaşýan kerpiçler, ýowuz gurşaw şertlerinde we çygly ýerlerde ulanylmaga amatldyr.
Medine MYRATBERDIÝEWA,
Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 16-njy
orta mekdebiniň okuwçysy.