Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Gözlegçiler süýdemdirijileriň beýnisiniň ösüşini görkezýän 3D atlas döretdi ✦ ✦ Türkmenistanyň hünär biliminiň ösüşinde DARYA maksatnamasynyň orny ✦ ✦ Türkmen tennisçileri halkara ýaryşda baýrakly orunlary eýelediler ✦ ✦ Bitaraplygyň buýsanjy ✦ ✦ Лучший студент тюркских народов –Давуд Довлетов ✦ ✦ Türki halklaryň iň gowy talyby – Dawut Döwletow ✦ ✦ Türkmenistanyň ykdysady diplomatiýasynyň ösüşi ✦ ✦ Türkmenistanda dil bilimini ösdürmek üçin täze kitap ✦ ✦ Täze dil gollanmasy okyjylara ýetirildi ✦ ✦ Kiberhowpsuzlyk:Sanly serhedi goramak ✦
Baş sahypa / Ylym we Bilim /«Geomaglumat ulgamlary we çözgütleri» atly hakaton bäsleşigi geçiriler
  22.06.2024
203
«Geomaglumat ulgamlary we çözgütleri» atly hakaton bäsleşigi geçiriler

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde Türkmenistanyň orta hünär we ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda 2024-nji ýylyň 18-19-njy noýabrynda geçiriljek  «Geomaglumat ulgamlary we çözgütleri» atly hakaton bäsleşigine gatnaşjaklaryň hasaba alnyşy açyldy. 

 

«Geomaglumat ulgamlary we çözgütleri» bäsleşiginiň düzgünlerine görä, bäsleşik toparlaýyn ýaryş görnüşinde geçiriler. Her okuw mekdebinden üç talypdan ybarat bolan bir topara gatnaşmaga ygtyýar berilýär. 

 

Bu bäsleşigiň wezipesi GIS-tehnologiýalarynyň häzirki zaman mümkinçiliklerini ulanmak arkaly geomaglumat ulgamlary uzak aralykdan üste galtaşmazdan seljermeler geçirmek (zondirlemek) bilen bagly täze taslamalary we pikirleri döretmekden hem-de öňe ilerletmekden ybaratdyr. Bäsleşige gatnaşyjylarä amaly maksatnama üpjünçiligini, web-hyzmat, geoportal ýa-da ykjam goşundy işläp taýýarlamak tabşyrylýar.  Bäsleşikde meseleleri çözmäge 4 sagat wagt berler. 

 

Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýän orta hünär we ýokary okuw mekdepleriniň talyplary uniwersitetiň tohu_hakaton@mail.ru elektron salgysy boýunça 2024-nji ýylyň 1-nji noýabryna çenli bellige alnyp bilerler.

 

Habarlaşmak üçin telefon belgi +99365-63-36-44.

 

Bäsleşigiň netijeleri boýunça toparlaýyn görnüşde ýeňiji bolanlara 1 sany baş baýrak, 2 sany I orunlaryň, 2 sany II orunlaryň hem-de 3 sany III orunlaryň eýeleri kesgitlener. Ýeňijiler S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň degişli derejeli diplomlary bilen sylaglanarlar.