Ylmy gözlegler bilen meşgullanýan Awstraliýanyň «CSIRO» guramasy 2050-nji ýyla çenli planetada 10 milliard adamyň boljakdygyny we azyk önümlerine bolan islegiň iki esse artjakdygyny çaklaýar. Iýmit ýeterlik bolmasa, näme iýmeli bolar? Alymlar muňa jogap berýärler:
Belogy köp bolan mör-möjekler
Kriketler, un gurçuklary, çekirtgeler, gurçuklar we beýleki mör-möjekler eýýäm uzak geljegiň däl-de, häzirki döwrüň hem iýmitidir. Olary nädip bişirmelidigini hemmeleriň öwrenmeginiň wagty geldi. Hytaýda, Braziliýada, Meksikada, Taýlandda we käbir Afrika ýurtlarynda mör-möjek iýmek eýýäm adaty bir zat. Ýöne ýene 20 ýyldan mör-möjek uny we naharlar hemme ýerde meşhur bolup biler. Kriketler, nahar gurçuklary we çekirtgeler garyp sebitlerde ýeterlik iýmitlenmezlik meselesini çözmäge kömek eder. Belki, adamlar planeta kömek edip, eti az iýerler. Iýilýän mör-möjekler boýunça gözleg esasan, Ýewropada geçirilýär. Mysal üçin, un gurçuklary Şweýsariýada eýýäm satylyp başlandy. 2017-nji ýylyň maý aýynda kabul edilen Şweýsariýanyň azyk howpsuzlygy baradaky täze kanunlary mör-möjekleri öz içine alýan iýmitleri satmaga mümkinçilik berýär. Mysal üçin, başlangyç bolup, «Essento» ýörite gurçuk burgerlerini döretdi. Bu burger falafeli ýada salýar we zerur iýmitler bilen doldurylýar: beloklar, doýmadyk ýag kislotalary, witaminler we süýüm.
Hozlaryň ýerini çalyşmak
Hozuň täze görnüşleri we ýer badamlary geljekde stolumyzdaky hozlaryň ýerini çalşyp biljek önümdir. Mälim bolşy ýaly, hozlar dünýäde iň köp ýaýran önmlerden biridir. Köp kompaniýalar bu önüme alternatiw önümi gözleýärler. Saýlawlaryň biri «cyperus esculentus», iňlis dilinde «tiger nut - gaplaň hozy», rus dilinde «çufa», diýilýän ýer badamydyr. Ol esasan Günorta Ýewropada, Afrikada we Ýakyn Gündogarda ösýär. Onuň kökleriniň ajaýyp ýokumly tagamy bar, köp iýmit maddalary we süýüm bar.
Ösümlik we laboratoriýa eti
Laboratoriýada sygyr etini «ösdürip ýetişdirmek» eýýäm alnyp barylýar. Etiň ornuny tutýan ähli täzeçil önümler adamzadyň mal bakmak we idetmek zerurlygyny azaltmagyň usulydyr. Hünärmenleriň pikiriçe, et önümleriniň analoglaryna geçmek suwuň sarp edilmegine, metanyň zyňyndylarynyň we tokaýlaryň çapylmagynyň azalmagyna sebäp bolup biler. Häzirki wagtda dürli kompaniýalar soýa we nohut belogyndan et we şöhlat ýasaýarlar. Mysal üçin, Russiýada dükanlaryň tekjelerinde eýýäm «Beyond» et kompaniýasynyň et önümi peýda boldy. Kaliforniýada bir önüm, bu ýerde entek hödürlenmeýän «Impossible Foods» mümkin däl zady başardy: hakyky ete meňzeýän önümden burger öndürdi. Ýene başga bir ugur, iri şahly malyň öýjüklerinden laboratoriýalarda et ösdürip ýetişdirmekdir. Hatda ondan etiň ysy hem gelýär.
Deňiz ösümligi
Deňiz ösümlikleri balyklara we deňiz önümlerine esasy alternatiw önümler hökmünde görülýär. Geljekde balyklaryň we deňiz önümleriniň aşa köp ulanylmagy bolmagy sebäpli olaryň mukdary az bolar. Mundan başga-da, olarda köp mikroplastika we simap bolar. Deňiz we süýji suw şertlerinde ösýän suwotular köplenç bu meseläniň çözgüdi hökmünde görülýär. Gözleg dürli ugurlarda alnyp barylýar. Mysal üçin, San-Fransiskoda ýerleşýän «Terramino Foods» suwotularyň we kömelekleriň çylşyrymly kombinasiýasy bilen losos ýaly tagamly ýörite burger öndürdi.
Adamzadyň garaşýan şeýle täze tagamlary we alternatiw iýmit önümleri geljegiň iýmit meselelerini çözmäge ýardam eder.
Merjen KÖMEKOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.