logo

Soňky täzelikler:
✦ Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy we Halk Maslahaty: Berkarar döwletiň beýik geljegine tarap ✦ ✦ Ahal miweleri «Erem» brendi bilen dünýä bazaryna çykýar ✦ ✦ Ahal welaýatynda senagat önümleri daşary ýurt bazarlarynyň ünsüni çekýär ✦ ✦ Türkmen ilçisi Gazagystanyň Atçylyk sporty federasiýasynyň prezidenti bilen duşuşdy ✦ ✦ Merkezi Aziýa hyzmatdaşlyk meýdançasy ✦ ✦ Sebit ähmiýetli şäher ✦ ✦ Ýokary derejedäki hyzmatdaşlyk ✦ ✦ Türkmen türgenleri ýylyň ilkinji alty aýynda 415 medala mynasyp boldular ✦ ✦ Döredijilik dünýäsine syýahat ✦ ✦ Türkmen-amerikan hyzmatdaşlygy işjeň häsiýetde ✦
Baş sahypa / Medeniýet /Gazagystanda Türkmenistanyň Prezidentiniň täze kitaby tanyşdyryldy
  09.04.2024
584
Gazagystanda Türkmenistanyň Prezidentiniň täze kitaby tanyşdyryldy

8-nji aprelda goňşy döwletimiz bolan Gazagystan Respublikasyndaky Türk Akademiýasynyň binasynda Hormatly Prezidentimiziň «Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky ilçihanasy habar berýär.

 

 

Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky ilçihanasy we Türk Akademiýasy bilen bilelikde guramagynda geçirilen bu çärä Astana şäherinde akkreditlenen diplomatik wekilhanalaryň wekilleri, ylmy we döredijilik işgärleri hem-de habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdy.

 

 

Tanyşdyrylyş dabarada Türk akademiýasynyň wise-prezidenti hem-de Gazagystan Respublikasynyň ýokary okuw jaýlarynyň tejribeli hünärmenleri çykyş etdiler.

 

 

Çykyşlardan soňra Türk Akademiýasynyň zalynda  Magtymguly Pyragynyň goşgular ýygyndysy, golýazmalary, suratlary we kitaplaryna bagyşlanan sergi guraldy.

 

 

Türkmen diplomaty Türkmenistanyň Prezidentiniň «Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze kitabyny Türk Akademiýasynyň kitaphanasynyň gaznasyna gowşurdy.


Myrat Myradow,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara
nebit we gaz uniwersitetiniň talyby.