Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Dekabr aýynda geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreler ✦ ✦ Ýurdumyzda Turkiýanyň eksport harytlarynyň sergisi geçiriler ✦ ✦ Maşgala terbiýesiniň orny we ähmiýeti ✦ ✦ Oba hojalyk ekinleriniň täze sortlary hasyllylygyň kepili ✦ ✦ Magtymguly Pyragy medeni-seýilgähindäki şahsyýetler: Saýido Nasafi ✦ ✦ Türkmen oba hojalyk instituty bilim we ylmyň baglanyşygyny berkitýär ✦ ✦ Täze okuw kitabynyň neşiri bilim ulgamyna uly goşantdyr ✦ ✦ Türkmen milli gymmatlyklary täze okuw kitabynda orun alýar ✦ ✦ Türkmeniň goşa ganaty ✦ ✦ Ýaşlar baýragy ― ýaşlygyň serpaýy ✦
Baş sahypa / Ykdysadyýet /Gazagystan türkmen gazyny import etmek isleýär
  31.10.2024
141
Gazagystan türkmen gazyny import etmek isleýär

Gazagystan Türkmenistandan tebigy gaz import etmek mümkinçiliklerini öwrenýär. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi habar berdi.

 

Gazagystanyň “QazaqGaz” milli gaz kompaniýasy, ibermeleriň möçberiniň söwda we tehniki şertlere görä kesgitlenjekdigini mälim etdi.

 

“QazaqGaz” bilen “Türkmengaz” döwlet konserniniň arasyndaky hyzmatdaşlyk, birnäçe täze başlangyçlary öwrenmek üçin mümkinçilikler berýär. Hususan-da, iki ýurduň bilelikde geologiýa gözleglerini geçirmek boýunça maslahatlaşmalaryň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Bu ugurda işleriň ýerine ýetirilmegi üçin degişli maýa goýum ylalaşyklarynyň gol çekilmegi möhümdir.

 

Häzirki wagtda Gazagystan içerki gaz bazaryny ýurt içindäki çeşmeler bilen üpjün edýär, ýöne sarp edişiň ýokarlanmagy sebäpli import etmäge mejbur bolýar. “QazaqGaz” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Sanžar Žarkeşow, geljek 10-15 ýylyň içinde ýurduň gazyň sarp edilişiniň iki esse ýokarlanyp biljekdigini belledi.

 

Mundan öň Türkmenistan bilen Gazagystan gaz pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça ylalaşyga gol çekipdiler.

 

Aýnoza HOJAÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň
Sanly ykdysadyýet we dolandyryş fakultetiniň
mugallymy.