logo

Latest news:
✦ Tejen etrabynda 320 orunlyk täze çagalar bagy açyldy ✦ ✦ Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda 960 orunlyk täze orta mekdep ulanmaga berildi ✦ ✦ Ahal welaýaty boýunça şu ýyl 195 müň gektar meýdanda güýzlük bugdaý ekiler ✦ ✦ Niderlandlar Patyşalygynda ahalteke bedewlerine bagyşlanan halkara maslahat geçirildi ✦ ✦ Wenraý şäherinde «Atda wepa-da bar, sapa-da» eseriniň niderland dilindäki neşiri tanyşdyryldy ✦ ✦ Niderlandlar Patyşalygynda ahalteke bedewleriniň dünýä çempionaty geçirildi ✦ ✦ TÜRKMENIŇ BUÝSANJY ✦ ✦ Oktýabr aýynda «Awazada» birnäçe halkara forumlar geçiriler ✦ ✦ Türkmen-niderland hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy ✦ ✦ Bagşyçylyk sungatynyň ägirdi ✦
Home / Science and Education /Garaşsyzlyk ýyllarynda kämil bilim ulgamynyň ösüşi
  18.11.2021
1166
Garaşsyzlyk ýyllarynda kämil bilim ulgamynyň ösüşi

Ga­raş­syz­ly­k ýyl­la­ry için­de Türkmenistan sy­ýa­sat­da, ykdysadyýetde, bilimde, saglykda, me­de­ni-yn­san­per­wer ugur­lar­da tä­ze taryhyň sa­hy­pa­lary­na al­tyn harp­lar bi­len ýa­zyl­ýan aja­ýyp üs­tün­lik­le­re, be­lent sep­git­le­re, ýüz­ler­çe buý­san­dyry­jy wa­ka­la­ra, ro­waç­lyk­la­ra ýetdi. He­mi­şe­lik  Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan özü­niň mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­nyň 30 ýyl­lyk şanly baýramyny agzybirlikde we giňden toýlady. Uludan tutylan toýuň da­ba­ra­sy­ her bi­ri­mi­zi buý­san­dyr­dy, sebäbi, Ga­raş­syz­lyk – ata-babalarymy­zyň asyr­lar bo­ýy eden ar­zuw­la­ry­nyň ha­syl bol­ma­gy­dyr. Garaşsyzlyk – akyldar şa­hy­ry­myz Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň «Ber­ka­rar döw­let is­lä­rin» di­ýip ar­zuw eden setirleri Ga­raş­syz­lyk – gö­wün­le­ri­mi­ziň buýsan­jy, äh­li üs­tün­lik­le­ri­mi­ziň özenidir. 

  Eziz diýarymyzda ylym-bilim ulgamlaryny düýpli özgertmek üçin geljegi nazarlaýan uly başlangyçlary yzygiderli öňe sürýär.  Şeýle başlangyçlaryň ylym ulgamynyň binýadyny berkitmek, ýokary tehnologiýalara, düýpli nazary ylymlara esaslanýan sanly ykdysadyýeti döretmek boýunça toplumlaýyn işleri alyp barmak bilim ulgamynyň dünýä derejesine çykarylmagy ugrunda alnyp barylýan işler öz oňyn netijesini berýär.

Bilişimiz ýaly, 2021­-­2022-nji okuw ýy­ly­nyň il­kin­ji gü­ni paýtagtymyzyň Maslahat köşgünde Ýurt baştutany ta­lyp­lar we okuw­çy­lar bi­len du­şuş­dy we umu­my okuw sa­pa­gy­ny geçdi. Taryhyň sahypalaryna altyn harplar bilen ýazylan şol ajaýyp okuw sapak, ýaş nesiliň tejribeli kemala gelmeginde iňňän jogapkärli orun eýeleýär. Ata-babalarymyzyň «Çagany – ýaşdan, edebi – başdan», «Bal süýji, baldan-da bala» diýlen milli terbiýeçilik ýoluna eýerýän halkymyz terbiýe, ylym-bilim meselesinde has-da çuňlaşýar. Türkmen ýaşlarynyň ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, döwrüň ösen tehnologiýalaryndan baş çykarýan adamlar bolup ýetişmegi babatda ýurdumyzda uly işler alnyp barylýar. Ýurdumyzyň bilim ulgamynyň häzirki ösüş tapgyrynda öňde durýan bu möhüm wezipe dünýäniň öňdebaryjy gazananlarynyň esasynda milli sanly bilim ulgamynyň mundan beýläk hem ösdürilmegini, okatmagyň innowasion çemeleşmeleri bilen utgaşyklylykda maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň bilimiň ähli basgançaklarynda giňden ornaşdyrylmagyny şertlendirýär.