Garaşsyzlyk her bir türkmen ynsany üçin beýik düşünjedir, döwletimiziň mizemezliginiň, halkymyzyň agzybirliginiň we jebisliginiň müdimi binýadydyr. Ol ata-babalarymyzyň asyrlarboýy kalbynda besläp gelen arzuwlarynyň hasyl bolmagydyr. Garaşsyzlyk — parahatsöýüjiligiň beýik nusgasy bolup, pederlerden dowam bolan sowulmajak täze eýýamy türkmen ykbalyna ýazan ömrümiziň sowulmajak bahary!
Bu ýagty jahanda her bir adamyň baş arzuwy il-ýurdunyň parahatlygy, öý-ojagynyň rahatlygy bolup durýar. Bu gün türkmen halky her bir ynsanyň bagtly bolmagy, gijeleriniň rahat, gündizleriniň parahat bolmagy üçin alada edilýän beýik zamanada ýaşaýar hem-de Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk toýuny zähmet üstünlikleri bilen garşylaýar.
Mukaddes Garaşsyzlygymyz türkmen ýaşlarynyň milli ruhda terbiýelenmegine, pederlerimizden gelýän asylly ýörelgeler esasynda öz öňlerinde maksat goýmagyna, «şemalyň ugruna» däl-de, diňe dogry ýol — watansöýüjiligiň ýoly bilen öz arzuw-maksatlaryna ýetmäge şert döretdi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy, aýratyn üns-aladasy bilen bu gün türkmen ýaşlary diňe bir ýurduň geljegi däl, olar şu günüň hem esasy güýçlerine, döwrümiziň baýdak göterijilerine öwrüldiler.
Bu gün Türkmenistan, türkmen halky Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda şol ykbalynyň toýuny toýlaýar. Şu gün bu toýuň ýakymyny bagtymyz ýaly belende göterilen Gün buşlaýar! Şanly Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramy bilen Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy tutuş türkmen halkymyzy tüýs ýürekden gutlaýarys!
Mähri ATAMYRADOWA,
Baýramaly şäherindäki tebigy ugurlara
ýöriteleşdirilen 4-nji orta mekdebiniň
başlangyç synp we matematika mugallymy.