«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda mähriban halkymyzyň her bir güni taryhy ähmiýetli wakalara beslenip taryhyň gatlaryna altyn harplar bilen ýazylýar. Şeýle bagtyýar döwürde ýaşaýan mähriban halkymyz bir bitewi maşgala bolup, Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk toýuny zähmet üstünliklerine besläp, ýokary ruhubelentlik bilen giňden bellemäge uly taýýarlyk görýärler.
Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanda Garaşsyzlyk ýyllarynda ägirt uly işler amala aşyrylyp, ýurdumyzyň ykdysadyýeti dünýäniň ösen ýurtlarynyň derejesinde ýokary ösüşleri nazarlaýar. Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi yzygiderli ýokarlanýar. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» bellenen çäreleriň üstünlikli amala aşyrylmagy bilen, geljekde ýurdumyz has-da ýokary derejelere ýeter.
Gahryman Arkadagymyzyň: «Garaşsyzlyk Türkmenistan Watanymyzyň, merdana halkymyzyň adyny dünýä tanatdy, şöhratymyzy, mertebämizi äleme ýaýdy» diýip, belleýşi ýaly, ýurdumyz özüniň Garaşsyzlyk ýoly bilen gazanan täze üstünlikleri bilen dünýä jemgyýetçiligini haýrana goýýar. Watanymyzyň şanly Garaşsyzlygyny halkara derejesinde täze mertebä göteren Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli beýik işleri mydama rowaçlyklara beslensin!
Selbi ÇOLUKOWA,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň mugallymy.