Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: "Eziz Watanymyzyň Garaşsyzlygy bagtyýar we abadan durmuşymyzyň binýadydyr." diýip, belläp geçişi ýaly, Garaşsyzlyk biziň iň gymmatly baýlygymyz, eziz ilimiziň göterilen belent ykbalydyr. Asmanymyzyň asudalygy, gündizleriň we gijeleriň parahat geçýändigi mukaddes Garaşsyzlygymyzyň bize beren peşgeşi bolup, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň “Döwlet – adam üçindir!” diýen şygarynyň doly derejede durmuşa ornaşdyrylýandygynyň subutnamasydyr.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan dünýäniň abraýly halkara guramalary, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen işjeň gatnaşyklary alyp barýar. Bu günki gün Türkmenistan parahatsöýüjilikli, ynsanperwer ýörelgeleri öňe sürmek bilen dünýä jemgyýetçiliginde mynasyp orunlaryň birini eýeleýär.
27-nji sentýabrda Türkmenistan Garaşsylygyna 33 ýyl dolýar. Bu gün Türkmenistan, türkmen halky Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda şanly Garaşsyzlygynyň toýuny toýlamaga giňden taýýarlyk görýär. Baýramçylygy mynasyp garşylamak üçin her bir ulgamda ýörite meýilnamalaýyn işler üstünlikli amala aşyrylýar.
Toýlary toýa ulaşýan asuda we parahat Watanymyzda ýaşaýan, işleýän we döredýän türkmenistanlylar bolan biz, şu bagtyýar döwrany bagyş eden Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş aýdýarys. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman bolsun!
Gülnäzik WELIÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň
mugallymy.