Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Somatoform bozulmalar we olaryň dartgynlylyk bilen baglanşygy ✦ ✦ “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” - durnukly we bagtyýar geljegiň kepili ✦ ✦ Nanotehnologiýalaryň lukmaçylykda ähmiýeti ✦ ✦ Bitaraplyk — Parahatçylygyň Binýady ✦ ✦ Magtymguly Pyragy – beýik akyldar ✦ ✦ Daşary ýurt Hukuk diplomlary üçin täze talaplar we üýtgeşmeler ✦ ✦ Türkmenistanyň saglyk ulgamynda sagaldyş-dikeldiş merkezleriniň orny ✦ ✦ Gahryman Arkadagyň eserleri ✦ ✦ Newroz - psihologiki durnuksyzlyk ýagdaýydyr. ✦ ✦ Ýylyň şygary mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi ✦
Baş sahypa / Syýasat /Garaşsyzlyk bilen galkynýar diýar
  09.08.2024
241
Garaşsyzlyk bilen galkynýar diýar

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VI Gurultaýynda eden taryhy çykyşynda:«Garaşsyzlyk her bir ynsanda watançylyk duýgusyny ösdürýän mukaddes düşünjedir. Bu söz özünde ägirt uly many-mazmuny jemlemek bilen, merdana ata-babalarymyzdan bize miras galan eziz Watanymyzyň şöhratly geçmişine, şu gününe we beýik geljegine düýpli düşünmäge mümkinçilik berýär.

 

Garaşsyzlyk baýramy ata-babalarymyzyň wesýet eden ynsanperwer ýörelgeleriniň doly durmuşa geçirilýändiginiň, özygtyýarly döwlet, adalatly jemgyýet hakynda asyrlarboýy edip gelen arzuwlarynyň hasyl bolandygynyň aýdyň subutnamasydyr»   diýip, örän jaýdar belledi.

 

Garaşsyzlyk ata-babalarymyzyň özygtyýarly bolmak baradaky arzuwlarynyň amala aşmagyna, köp asyrlyk milli we ruhy gymmatlyklarymyzy, şeýle hem, arzyly ynsanperwer däplerimizi dikeltmäge mümkinçilik berdi. Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, Watanymyzyň garaşsyzlygynyň mizemezligi döwletiň hem halkyň agzybirliginde jemlenýär. Türkmenistan üç onýyllykdan gowrak wagt bäri ýurduň ykdysadyýetde, medeniýetde, bilimde, ylymda, sportda... taryhy ösüşleri üpjün edýän Garaşsyzlyk ýoly bilen ynamly öňe barýar.

 

Türkmenistan “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramyny ykdysady we ynsanperwer ölçeglerde uly ösüş mümkinçilikleri bolan, sebit hem dünýä ähmiýetli işlere işjeň gatnaşýan durnukly ösýän döwlet hökmünde garşylaýar.

 

Gülzada TÄŞLIÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň mugallymy.