Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmeniň goşa ganaty ✦ ✦ Ýaşlar baýragy ― ýaşlygyň serpaýy ✦ ✦ Türkmen-özbek medeni gatnaşyklarynda täze sahypa ✦ ✦ Ýaşlar syýasaty — beýik ösüşleriň badalgasy ✦ ✦ Binagärlikde milliligiň we gözelligiň sazlaşygy ✦ ✦ Aşgabatda "DevFest 2024" tehnologiýa festiwaly geçirilýär! ✦ ✦ II Türkmen — Özbek forumynda täze ylalaşyklar gazanyldy ✦ ✦ Türkmenistan Hytaýyň hakara söwda sergisine gatnaşmaga çagyryldy ✦ ✦ Aýdym-saz ynsanyň göwün syrdaşy ✦ ✦ Ylym-bilim – ösüşiň kämil çeşmesi: ýaş nesillere ylym-bilim bermegiň täze usullary ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /GARAŞSYZLYK BAGT BERDI HALKYMA
  31.07.2021
340
GARAŞSYZLYK BAGT BERDI HALKYMA

Bilşimiz ýaly, 2021-nji «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzda paýtagtymyz Aşgabadyň 140 ýyllyk toýuny uludan toýladyk. Häzirki günlerde bolsa agzybir halkymyz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramyna zähmet üstünlikleri bilen barýar.

Garaşsyzlyk halkymyza erkinlik we bagtyýarlyk eçildi. Munuň özi milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň täzeden galkynmagyna, täze önümçilikleriň peýda bolmagyna we halkymyzyň hal-ýagdaýynyň mundan beýläk hem gowulanmagyna giň mümkinçilikleri döredýär. Taryh üçin örän gysga döwrüň içinde paýtagtymyz Aşgabat täze görke eýe boldy, paýtagtymyzda we welaýatlarymyzda azyk, senagat, oba hojalyk ugurly halk üçin zerur önümçilikler ýola goýuldy. Ozallar diňe çig mal respublikasy bolan Türkmenistan senagat taýdan ösen kuwwatly döwlete öwrüldi.

Milli senagatymyz has-da kuwwatlanyp, türkmen telekeçileri halkara bazarlarynda uly islegden peýdalanýan, bäsdeşlige ukyply täze-täze harytlary  öndürip başladylar. Medeni mirasymyz täze galkynyşa eýe bolup, paýtagtymyzda we welaýat merkezlerinde Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýleriniň täze binalary açyldy, döwrebap kitaphana binalary baý kitap goruna eýe bolup, okyjylara mynasyp hyzmat edýär.  

Ýeri gelende bellesek, Ýewraziýa yklymynyň esasy söwda ýollarynyň çatrygynda ýerleşmek bilen, Türkmenistan döwletimiz Garaşsyzlyk ýyllary içinde yklymyň ýurtlarynyň we halklarynyň arasynda söwda we medeni gatnaşyklaryň ösmegine güýçli itergi beren Beýik Ýüpek ýolunyň gaýtadan dikeldilmegine işjeň gatnaşýar. Ýurdumyzyň bu ýoluň boýundaky möhüm söwda-aragatnaşyk merkezi bolandygyny bu gün dünýä jemgyýetçiligi ykrar edýär.

Şu ýerde anyk bir mysala ýüzleneliň. Gadymyýetde Merw «täjirleriň hem-de alymlaryň şäheri» diýlip atlandyrylypdyr. Bazarlar dürli dillerde gepleýän söwdagärleri we alyjylary özlerinde jemläpdir. Merwde bazarlar bilen birlikde dürli döwürlerde hökümdarlaryň adyna altyn, kümüş hem-de beýleki şaýlyklary dolanyşyga goýberen zikgehanalar bolupdyr. Uzak asyrlaryň dowamynda Merw Orta Aziýada iň belli metal işlenilip bejerilýän merkezleriň biri bolupdyr.

Bu maglumatlary getirmek bilen, biz bir hakykaty aýtmakçy bolýarys: orta asyrlarda şeýle ösüşlere eýe bolan türkmen halky, bu gün dünýä nusgalyk beýik işleri durmuşa geçirýär. Bu bolsa bize ata-babalarymyzyň arzuwlan şanly Garaşsyzlygynyň beren bagtydyr.