Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Garaşsyzlyk — bagtyň we ösüşleriň gözbaşy ✦ ✦ Türkmen-hytaý gatnaşyklarynda täze sahypa ✦ ✦ Garaşsyzlyk — Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň binýady ✦ ✦ Halk Maslahaty – halkyň belent maksadynyň beýany ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti BOMCA-10 maksatnamasynyň jemleýji maslahatyna gatnaşdy ✦ ✦ Halk maslahaty — jebisligiň nyşany ✦ ✦ III Aziýa medeniýet festiwaly geçirildi ✦ ✦ Türkmen–Emirlik işewürler forumy geçiriler ✦ ✦ BMG-niň edaralarynyň Türkmenistan üçin 2026-2030-njy ýyllara ýurt maksatnamalary tassyklanyldy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — ähli üstünliklerimiziň özeni ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Garaşsyzlygyň 30 ýyllygyna
  20.08.2021
416
Garaşsyzlygyň 30 ýyllygyna

         Merdana ata-babalarymyzyň asyrlarboýy arzuwlap ýeten Garaşsyzlygy halkymyza uly waka bolup durýar. Türkmen halky gadymýetden galan öz naýbaşy wakalary bilen dünýä tanalýar hem-de baky Bitaraplygymyzyň, Garaşsyzlygymyzyň sarsmaz guwanjy bolup durýar. Şonuň esasynda ýurdumyz gün-günden asuda geljege tarap öňe barýar, ykdysadyýetimiziň ösmeginde hem Garaşsyzlygymyzyň uly itergisi bardyr. Biz halkymyza beýik Watanmyzyň geçmiş taryhyny öwretmek we bu barada halk köpçüligine ýetirmek, elbetde munuň sebäbi biz Garaşsyzlygymyzy nijeme kynçylyklar bilen gazandyk çünki watan her bir zatdan öňde durýar, Watanymyzyň begenji buýsanjy biziň watanmyzdyr, halkymyzdyr. Türkmenistan diýarymyz gün-günden gül açýar.

Bagtyýarlyk watanym bar ýurdumda,

Garaşsyzlyk baky binýad döwletim.

Türkmen halky toýun-toýlaýar bu gün,

Gutly bolsun watan Garaşsyzlygyň.

       Biziň milli Garaşsyzlygymyza taýýarlyk işleri ýokary gyzgalaňly alnyp barylýar, çünki biziň Garaşsyzlygymyz her bir zatdan öňde durmalydyr, şu günler şu şanly toýa diňe türkmen halky hem taýýarlyk görmän, eýsem daşary döwletlerden nijeme ilçiler türkmen halkynyň ýetip,

Galyp barýar bad alyp şäherim Aşgabat.

Beýik mermerli binalar göge galýar Aşgabat,

Ajap çagym ajap eýýäm öňe barýar Watanym,

Paýtagtym sen säherim ak şäherim Aşgabat.

gelýän garaşsyzlygy bilen tüýs ýürekden mähirli gutlaýarlar. Çünki biziň garaşsyzlygymyz  bütin dünýä ýüzüne ykrar bolan ýurdumyzdyr, halkymyz şeýle uly dabaraly çärä uly höwes bilen taýýarlyk görýärler. Parahatçylyk söýüjilikli, ynsanperwer ýörelgeli Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň dünýäniň ençeme ýurtlary bilen dostlukly, hoşniýetli halkara gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmakda hem-de ösdürmekde serhet goşunlary mynasyp orny eýeleýär. Baky Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk toýuny şatlykly hem-de şowhunly, dabaraly geçirmekde mähriban halkymyz biziň şanly Garaşsyzlyk toýuna uly gyzyklanma bilen garaşýarlar.