logo

Soňky täzelikler:
✦ Hormatly Prezidentimiz güýzki ählihalk bag ekmek möwsümine badalga berdi ✦ ✦ Söz baýlygy aýdyň pikiriň açary ✦ ✦ “Aşgabat – Daşoguz” awtomobil ýoluny gurmak barada şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi ✦ ✦ Türkmen önümleri Şanhaýdaky halkara sergide tanyşdyrylýar ✦ ✦ Türkmenistanyň Prezidentiniň Gazagystana iş sapary tamamlandy ✦ ✦ «Ykbal öwrümi»: Dursun Tekäýewa bilen täsirli söhbetdeşlik ✦ ✦ Aýdym-sazly okuw maslahaty geçirildi ✦ ✦ Adam hakdaky alada ✦ ✦ Sanly gurşawyň ähmiýeti ✦ ✦ Biodürlüligiň goragynda ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli 1054 raýatyň günäsi geçildi
  30.09.2026
164
Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli 1054 raýatyň günäsi geçildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli iş kesilen raýatlaryň günäsini geçmek hakynda Permana gol çekdi.

 

Resminama laýyklykda, 1054 raýat günäsi geçilenleriň hataryna girizildi. Olar azatlykdan mahrum etmek görnüşindäki esasy jeza çäresinden, şeýle hem belli bir ýerde ýaşamak borjy görnüşindäki goşmaça jeza çäresini çekmekden boşadyldy.

 

Ministrler Kabinetiniň mejlisinde degişli toparyň bu ugurda alyp baran işleri barada hasabat berildi. Döwlet Baştutany günäsi geçilen raýatlaryň azatlykdan boşadylmagy we olaryň gysga wagtda maşgalalarynyň arasyna dolanmagy üçin zerur çäreleri geçirmegi tabşyrdy.

 

Permanyň kabul edilmegi Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli geçirildi.

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi (TDH)