Garagum çölüniň çürt-kesik kontinental klimat häsiýetleri ösümlikleriň yssa çydamlylygyny, sowuga hem-de güýçli ýellere durnuklylygyny talap edýär. Çölüň ösümlik dünýäsiniň özboluşlylygy çägiň hojalyk taýdan peýdalanylşyny, hatda mallaryň bakylşynyň meýilleşdirilmegini hem talap edýär. «Bereketli Garagum» döwlet tebigy goraghanasynyň esasy maksady Garagum sährasynyň tebigy baýlyklaryny, biologik köpdürlüligini gorap saklamakdan, ylmy taýdan öwrenmekden, öri meýdanlaryny gowulandyrmakdan hem-de olary rejeli peýdalanmak boýunça ylmy barlaglary geçirmekden ybaratdyr. Onuň tutýan meýdany 87500 gektara deňdir we 3 sany meýdançadan durýar. Garagum sährasynyň ösümlik we haýwanat dünýäsi baýdyr. Goraghananyň çäginde we ýanaşyk ýerlerinde ýokary derejeli ösümlikleriň 183-den gowrak görnüşi duşýar. Olar 13 agaçjumak, 15 ýarym agaçjumak, 45 köpýyllyk we 110 sany birýyllyk otjumak ösümliklerdir. Bu ýerde Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilen çomujy, Dimonanyň ýowşany, Türküstan sersepili, Kawaniliniň ýalmanguýrugy, ýeke gülli üçýaprak, demirtikenli astragal, Korowiniň rabdotekasy, Türküstan yşgyny, seýrek duşýan ýüpekli ýepelek ýaly ösümlikleri ösýär. Mundan başga-da, giň sähranyň görküne görk goşýan kümüş ýaprakly, benewşe gül çogdamly, gelşikli agaç sözeni, öri meýdanlaryny çäge syrgynlaryndan goraýan agaçlyklary, köpýyllyk örüleri döretmek üçin amatly bolan gara sazagy, ak sazagy, çägeleri berkitmekde hem-de öri meýdanlaryny gowulandyrmakda uly ähmiýete eýe bolan gandymyň dürli görnüşlerini, çerkezi, gum borjagyny görkezmek bolar.
Sähra ösümlikleriniň köpüsi melhemlik häsiýetli bolýar we farmakologiýada uly gyzyklanma döredýär. «Bereketli Garagum» döwlet tebigy goraghanasynyň haýwanat dünýäsi hem örän baýdyr. Bu ýerde oňurgaly haýwanlaryň 90 görnüşi duşýar hem-de bular öz gezeginde 3 topara bölünýär. Olaryň 18 görnüşi süýrenijiler, 45 görnüşi guşlar, galan 27 görnüşi süýdemdirijilerdir. Süýrenijilerden hažžyk, pyşdyl, zemzen, ýylan, as kän duşýar. guşlardan çöl käkiligini, çür-çüriý, çöl serçesini, togdaryny, bagyrtlygy, ýylançy gyrgyny, sähra bürgüdini, ütelgini, süýdemdirijilerden ýabany doňzy, keýigi, itaýyny, garagulagy, möjegi, tilkini, goýun kirpisini, gum towşanyny, oklukirpini görkezmek bolar.
«Bereketli Garagum» döwlet tebigy goraghanasynyň ösümlik we haýwanat dünýäsini gorap saklamak we köpeltmek barada «Haýwanat dünýäsi hakynda», «Ösümlik dünýäsi hakynda», «Aýratyn goralýan tebigy ýerler hakynda», «Tebigaty goramak hakynda», «Ösümlikleri goramak hakynda», «Medeni ösümlikleriň genetiki gorlaryny ýygnamak, gorap saklamak we rejeli peýdalanmak hakynda», «Aw awlamak hakynda» Türkmenistanyň Kanunlarynda görkezilen kadalaryň ählisi berk berjaý edilýär we degişli çäreler ulanylýar. Tebigatymyzyň baýlyklaryny nesiller üçin goramak biziň mukaddes borjumyzdyr.